2 minut alar
Uistleriň çagalary
Adatça suratkeşleriň hersiniň öz ýykgyn edýän temasy bar. Diňe deňzi, diňe daýhanlary ýa-da diňe atlary çekip öten suratkeşler bar. Olaryň käbirleri adam şeklini asla çekmändirler. Tebigatyň keşbini çekmek bilen mübtela bolan meşhur rus suratkeşi Isaak Lewitanyň diňe ýekeje “Güýz güni” diýen eserinde bir zenanyň sudury bar, ony hem suratkeşiň dostlary çekipdirler. Emma munuň tersine-de bolup bilýär. Amerikan suratkeşi Jeýms Makneýl Uistler (1834-1903 ýý.) turuwbaşdan adamsyz surat çekip bilmeýär eken. Şonuň üçinem 1854-nji ýylda onuň harby…