Töwekgelçilik

"Töwekgel ner bolar..."

Her häsiýetiň öz antipody – gapma-garşylykly taýy bolýar: yagşylyk-ýamanlyk, halallyk-haramlyk, mertlik-namartlyk, jomartlyk-husytlyk... Eýsem töwekgelçiligiň garşylygy nämekä? Töwekgelçiligiň garşylygy – endişedir . Ýagny, köp pikirlenmek, gaýgy-alada berilmek, bir meseläni tükeniksiz ölçäp-dökmek. Häzirkizaman aňşynaslygynda endişe (overthinking) edil akyl näsaglygy saýylmasa-da, adamlaryň durmuşynda we işinde köp päsgelçilik döredýän, streslere (nerw dartgynlygyna) we ünji-alada sebäp bolýan derdeser hasaplanylýar. Ata-babalarymyz hem endişeliligi oňlaman, töwekgelçilige hormat goýupdylar. Aslynda “töwekgül” (“töwekkül”), ýagny töwekgelçilik sözüniň özeni “wekillik bermek”, ýagny çäksiz ynam, ygtyýar bermek…

"Töwekgel ner bolar..."

GÜN DOGANDA...

Daglara birden agşam düşdi. Bu nätanyş daglarda ugruny ýitiren ýalňyz dagçy türgen howlukmaçlyk bilen dagyň depesindäki gaýalardan aşak inmäge başlady. Birden onuň aýagy gaýanyň kemerindäki eňňitden sypdy. Ol özüne gelip gözüni açanda gije mazaly düşüpdi. Ony diňe bilindäki ýüp howada asyl-asyl saklap durdy. Bu garaňky gijede Aýdyr ýyldyzlardan nam-nyşan ýokdy. Daş-töwerek şeýlebir tümlükdi welin, häzir elleriň bilen howany sermeleseň bu gos-goýy tümlük tüýjümek gara keçe kimin elleriňe geläýjek ýalydy. Tutuş dünýä dagçy üçin şol keçäniň…

GÜN DOGANDA...