1 minut alar
Depeler
«Il aglak bolsa, doňuz depä çykar» diýilýär. Türkmen bu nakyly ata-baba aýdyp gelýär. Ol köne döwürlerde beýleki halklara görä beýle bir aglak – azlyk bolmany üçin şeýle nakyl döretdimikä? Belkem, şeýledir. Taryhda azlyk belasyna duçar bolup, ýitip giden halklaram az däl. Emma azlygyň hiç hili kär etmedik halklary hem ýok däl. Muny häzirki wagtda dünýäni aldym-berdime salýan kapitalizmiň hereketlendirijisi bolup oturanlaryň halkyýet hökmünde juda azlykdygyny hemmämiz hem bilýäris. Garaz, meniň pikirimçe, il aglak bolmaly däldir…