6 minut alar
Ylalaşyk
YLALAŞYK (hekaýa) Olar edil bir bölejik gara bulut ýaly tekiz düzüň üstünde hereketsiz durdular. Şonda serkerdelerimiň biri: - Eger olar gapdalymyzdaky dagyň kölegesi bolsa, onda beýle ejiz kölegäni birinji sapar görýän. Heý, Parsefon, seniň guşkelle bilgijiň bizi aldapdyr. Diňe olar hakdaky aýdylýan ýalan toslamalar şu dag ýaly beýik bolup biler. Hakykatda bolsa olar, ynha – diýip, külembikesini görkezdi – hakykatda olar şu barmakdanam kiçiräk ekenler. Men serkerdämiň sözlerinden ruhlanan esgerlere egnaşyr seredip, olaryň şo wagt…