Senenama

Hijri-kamary senenamasy

Bu senenama Muhammet Pygamberiň we onuň döreden yslam dinine uyan adamlaryň yzarlanmadan gaçyp, Mekgeden Medina göçüp giden döwründen, ýagny biziň eýýamymyzyň 622-nji ýylynyň iýul aýynyň 16-syndan bașlap ýöredilýär. Olar: 1) Aşyr(arapça ady Muharrem); 2) Sapar(Safar); 3) Dört tirkeş 1(Rabiuľowwal); 4) Dört tirkeș 2(Rebigilsany); 5) Dört tirkeş 3(Jumadil-üwlä); 6) Dört tirkeş 4(Jumadil-ahire); 7) Rejep(Rajab); 8) Meret(Barat(Şaban); 9) Oraz (Remezan (Ramazan,Ramadan); 10) Baýram(Şawwal); 11) Boș aý(baş( Zulka'de); 12) Gurban(Zülhiçje); Jemi 354 (gysga ýyl) ýa-da355 (uzyn ýyl) gün…

Ýewreý senenamasy

Ýewreý senenamasy ýewreýleriň aý-gün senenamasy , Gregorian kalendary bilen birlikde Ysraýylda resmi senenama hasaplanýar.Senenama boýunça häzir döwletde 5784-nji ýyl dowam etýar we Hepde başy şenbe güninden başlanýar. Bu senenama laýyklykda ýewreý baýramlary bellenilýär, doglan günleri we ölen garyndaşlarynyň hatyralama günleri bellenilýär. Aý fazalaryna syn etmegiň ýerine senenama senelerini hasaplamakda matematikanyň ulanylmagy 359-njy ýylda Hillel Ikinjiniň karary bilen tassyklandy . Hronologiýanyň başlangyjy be.öň 3761-nji ýylyň 7-nji oktýabryna gabat gelýär.Iudaizm dinine görä, senenamada ýylyň ilkinji aýy ähli…