12 minut alar
Gämi
Gämi (hekaýa) - Ýeri bolýar, bar seniň diýeniň bolsun! – diýip, gözi gülüp duran orta boýly adam elini uzatdy. Onuň samyr derisinden tikilen gara telpegi göwräniň öňki tabyndan duýdansyz üýtgemegine garaşman, bir gapdala agyp gitdi. Orta boýly erkek adamyň her ýerräkde agaryp görünýän ýalpyldawuk gara saçlary Güne öwşün atýardy. Rus dilinde gürleýän bolsa-da, gülüp duran gyýk gözlerinden çen tutup, onuň bilen ylalaşjagyny aňýan Hudaýberdi aga zol – zoldan şo gözlere seredýärdi. Onuň gülüp duran gyýk…