4 minut alar
reňkli poçta #7 – türkmen dilinde döretmek näme üçin wajyp?
(Bu makala ilkinji gezek 30-njy iýulda reňkli+ neşirinde paýlaşyldy.) Tomsuň ortaky aýyndan salam! Uzak wagtlap reňkli poçta ýazmadym. Siz muňa ýaltalyk diýiň, men bolsa başagaýlyk. Aýyň aýagyna Aşgabatda iki günläp geçirilen “Go Viral 2023” festiwalyna gatnaşdym; hem diňledim, hem diňletdim 😊. Çäräniň nähili geçendigini eýýäm Instagram saýasynda menden has gowy bilýän bolmagyňyz mümkin. Öňki tanyşlar bilen täzeden didarlaşdym, täze adamlary tanadym. Festiwalyň ikinji gününde türkmen dilinde döretmegiň wajyplygy hakynda öz subýektiw pikirlerimi paýlaşmakçy. Şol pikirleri…