Pikir

Sadalyk we ynanjaňlyk, tama

Haçandan bäri ýazmak içimden gelenokdy. Näçe gezek ýazaýyn diýip stol başyna geçdim, her gezeginde içimden bir ses "häzir däl" diýýärdi. Bu gün bolsa şol ses "ine şu wagt, ýaz pikiriňi gaýgyrman" diýýär... Bu gün gozgasym gelýän tema "ynam". Adam näçe ýönekeý, näçe sada bolsa, şonça-da ynanjaň bolýar. Hemişeki ýaly, ýene dessine özüme geçeýin: sadalyk edip, her göz-gaş oýnadana ýürek berdim, sadalyk edip içimdäki hakykaty daşyma çykardym, sadalyk edip käte üstümden güldürdim, sadalyk edip, her kömek…

Sadalyk we ynanjaňlyk, tama

Siz/Biz ýalta DÄL

"Ýaltalyk" diyip nädogry at goýýan zadymyz, has dogrusy, hereketsizligimiz ýa-da bikärligimiz barada pikir ýöretsek, görüp otursak "Biz ýalta däl!". Sözlükde ýalta, ýaltalyk düşünjeleri şeýle berilýär: Ýalta - Zähmet çekmegi halamaýan, iş ýakmaz. Ýaltalyk - Ýaltanyň ýagdaýy, zähmet çekmegi söýmezlik, iş ýakmazlyk, ýaltaçylyk. Eger zähmet çekmegi gowy görýän bolsak, ýagny, çeken zähmetimize buýsanýan bolsak, hem-de işi başarýan bolsak, onda bizi bir işi etmekden saklaýan başga bir zat bar. Özümiz we beýleki adamlar barada "ýalta" diýip ters…

Siz/Biz ýalta DÄL

Ertir öljekdigiñ ähtimallygy 50%

Ähtimallyk hasaplamalary... Okuw jaýlarynda ähtimallyk atly tema geçilerdi. Mysal üçin, bir torbada on top bar diýilýärä... Ilki şu soragy ýatla: "Bir torbada on sany top bar. Olardan dörüsi ýaşyl, üçüsi gyzyl, ikisi gök, biri ak. Torbadan alynan bir topyň gök reňkli bolmak ähtimallygy näçä deň?" Ýaşaýan ýaşamaýan, matematika bilen gyzyklanýan gyzyklanmaýan herkim bu soraga 20% diýip jogap berer. Sen hem... Indi, ähli öwredilenleri ýatdan çykar we diňle! Ýokardaky torbadan alynan bir topyň reňkiniň gök bolmak…

Ertir öljekdigiñ ähtimallygy 50%

Wagt nämeleri alar?

Ýene bir ýylyň soňuna ýetip gelýäs. Aslynda belkem bu makala edil doglan günümde ýazylaýmaly makalady, ýöne näme üçindir doglan günlerde adama oturup arkaýyn gynanmana berenoklar. Içinde agyr bir gussa daşyna daşyp bilmän hasam beter goýalyp çöküp gidiberýän ýaly. Sebäbi adamlar doglan günlerinde begenmäne zorlanýarlar. Ýene bir ýylyň geçip gidenine begenmäne... Şuwagt welin beýle zorluk ýok. Güýzem geçip barýar, gyş geldi diýibersegem bolar. Çaýyň bugaryp demini alyp durşy ýaly gussaň buguny çykaryp demlenip oturubermek üçin ýaman…

Ýazmasy kyn düşen hat...

Ýok, men Kerim aga öýkünjek bolamok, hakykatdan hem şu gezek maňa ýazmak gaty kyn düşdi... Sebäbi? Çylşyrymly, düşündirip bilmesem gerek... Hawa, bu gezek hat ýazýaryn makaladan beter... Hatyň eýesi anonim, käbir A şahs, goý B bolsun, bu kän bir möhüm däl. Hatyň mazmuny şeýleräk: -Edep başy salamdyr, salam bolsun, gurgunmyň?! Bizde hemme zat öňkülik, gara, ak we çal. Hemme zady üç reňki goşup alyp bolýar. Seniň reňkli dünýäňden nä habar? Reňkler öçenokdur diýip umyt edýärin!…

Ýazmasy kyn düşen hat...

Pikirlenýän, diýmek men bar. Rene Dekart (Birazajyk pelsepe 1)

Pikirlenmegi, pelsepäni halaýan her bir adam barlygy soraga çekmäge çalyşandyr. Her kynçylyga duş gelenimizde "Men näme işläp ýörün?" diýp soramaýanymyz az bolsa gerek. Rene Dekart diýip bir ýaşuly, meşhur fransuz filosofy, näme işläp ýörün diýmändir-de birazajyk öteräk geçipdir. Derdi ulurak bolmalyda, ol özüne "Meñ barlygym bir çynmyka?" diýip sorapdyr. Men barmy? Bu soragyñ jogaby bir bada gaty açyk görünýär. Dagy näme, men bar, biz bar. Ýöne gezek subut etmäge gelende biraz kynlaşýar. Duýuş organlarymyzyñ beýnimize…

Pikirlenýän, diýmek men bar. Rene Dekart (Birazajyk pelsepe 1)

Emosional Aň -> Güýç (Karar bermek)

Emosional Aň (Emotional Intelligence) Emeli aň bilen köpler tanyş. Onda emosional añ näme? Emosional aň özümiziň we başgalaryň duýgularyna düşünmek we dogry dolandyrmak, ugrukdyrmak, ulanmaklygy aňladýar. Bu termini ilkinji gezek Peter Salawoy we Jon Maýer 1990-njy ýylda ulanyşa girizýärler. Emosional aňymyzy güýçlendirip biz iň başarnykly, üstünlikli, iň bagtly adam bolup bileris. Onda geliň biraz güýçleneliň: Garaýyş-1 KARAR BERME Duýugaryňyzy dolandyryň, ýogsam ... Wajyp kararlary bermeli däl ýerler bar. 1. Haçanda özüňizi iň erbet ýagdaýda duýýarkaňyz,…

Emosional Aň -> Güýç 
(Karar bermek)

Iki akymyň arasynda - geçmiş bilen geljegiň arasynda şu gün bar

Şu gün bilen ýaşamaly - diýilýär. Şu gün haçan? Düýnki şu günmi ýa ertirki şu gün? Her günem "şu gün" bolup bilermi? Ýa-da belki düýnki gün "şu gündir"?.. Şu meselä men şeýleräk seredýärin: şu gün diýilen zat bolman biler; ki düýniň täsiri hemişe bar, ertiriň täsiri hem şeýle. Bu mende hemişe şeýle bolupdy. "Pursaty ýaşa" jümlesini kän eşiden hem bolsam "pursatda ýaşamagy" başarmadym. Köplenç, özümi iki zadyň arasynda elewräp ýören sergezdan ýaly duýýaryn. Ne belli…

Iki akymyň arasynda - geçmiş bilen geljegiň arasynda şu gün bar

Näme üçin Marsa uçmaklyk - samsyk pikir?

Çeşme: NASA/JPL/Cornell Elon Muskyň Marsa uçmak baradaky häzirki wagtdaky öňünde goýýan maksatlary örän täsirli hem-de ruhlandyryjy. Ýöne hemme zada dogry hem-de ylmy esasda garap, realist bolmaklyk zyýan bermezmikä diýýän. We bu makalada siziň Marsda koloniýa etmeklik höwesiňizi basyp ýatyrmak niýetimem ýok. Meni pessimistlikde aýyplap bilersiňiz ýöne şu aşakdaky sebäplere görä men Marsa uçmaklygy samsyk pikir hasap etýärin: 1. Marsdaky ýaşaýyş şertleri Ýeriň magnit meýdany we atmosferasy bizi günden gelýän zyýanlyk şöhlelenmelerden we ownuk meteoritlerden goraýar.…

Näme üçin Marsa uçmaklyk - samsyk pikir?

Adamlar

Adamlar Owadan Estetika Ýaş tapawutlylyk Üns Mähir Gadyr Sabyr Açgözlik Syn Şöhwet Özüňe ýokary baha berme Tanymal bezzat Garry tilki Status Biperwaýlyk Kararsyzlyk Ýalňyş target Jogapkärçilik Eeeuw Özünden hoşal jahyl Göwnünden galan zat açyk Ýalpyldaýan möjek Bagtyna ýeňil gyzlar Bagtyna açgöz oglanlar Ykjam şyppyk Owadan ýigrenç Gereksiz öýkünme Maksatsyz keýp Owadan gelmişek edep Artykmaç gelşiksizlik Iç ýyrtýan kofe Tanyş gorky Uly gereksizlik Owadan tertipsizlik Oňaýly kollega Üns awçysy Owadan gedaý Nätanyş raýat Gereksiz simmetriýa Amatly…