5 minut alar
GIJIGEN ÖKÜNÇ
Oňa baý telekeçiniň ýeke ogly, onda-da ýaşy gaýdyşyndan soň ýüzi düşen dikrary diýer ýaly däldi. Ata-enesine sessiz-üýnsiz tabyndy, okuwyndan we sportdan başga zada baş galdyrmaýardy, kelç-külçi ýokdy. Atasy ony näçe gowy görse-de, kän syr bildirmän, berk terbiýe beripdi. Ogly bilen adatça mylaýym äheňde, emma agras, talabediji gürleşýärdi. Iş-aladasy ýeterlik, köp adamlaryň üstünden garaýan işewür kakasynyň özüne kerem-ara berýän üns-aladasy, öýun-degişmesi hem ogly üçin uly peşgeşdi. Hakykatda ata-enesiniň dünýe baýlygynyň bir özüdigini bilýän ýalňyz perzendiň bar…
