Teswirler (0)

Ýüklenýär...
User Avatar

Jemgyýetçilik işgäri

GIJIGEN ÖKÜNÇ

5 minut alar

Oňa baý telekeçiniň ýeke ogly, onda-da ýaşy gaýdyşyndan soň ýüzi düşen dikrary diýer ýaly däldi. Ata-enesine sessiz-üýnsiz tabyndy, okuwyndan we sportdan başga zada baş galdyrmaýardy, kelç-külçi ýokdy. Atasy ony näçe gowy görse-de, kän syr bildirmän, berk terbiýe beripdi. Ogly bilen adatça mylaýym äheňde, emma agras, talabediji gürleşýärdi. Iş-aladasy ýeterlik, köp adamlaryň üstünden garaýan işewür kakasynyň özüne kerem-ara berýän üns-aladasy, öýun-degişmesi hem ogly üçin uly peşgeşdi. Hakykatda ata-enesiniň dünýe baýlygynyň bir özüdigini bilýän ýalňyz perzendiň bar aladasy olaryň göwnüni görüp, tamalaryny ödemekdi. Bir gün bu bagtyýarlygyň köküne hut özüniň palta urup, ata-enäniň dünýälerini başyna ýykyp biljekdigi onuň ýatsa-tursa hyýalyna hem gelmeýärdi. Emma...

Ýokary okuw jaýyny tamamlap, gutardyş synaglaryny berip ýören ogly ertir naharyndan soň köp gobsunyp oturandan soň:

– Kaka, meniň senden bir haýyşym bar – diýip, ýaýdana-ýaýdana dil ýardy.

– Howa?

– Şu synagymy hem birkemsiz tabşyrsam, maňa bir awtoulag alyp beräý. Ýoldaşlarymyň köpüsi okuwa öz ulaglary bilen gatnady. Nesip bolsa, işe öz ulagym bilen gidip-gelsem gowy bolmazmy?

Çala ýylgyran atasy biraz oýlanyp oturandan soň, ardynjyrap:

– Hany, sen ilki synaglaryňy gowy tabşyrmagyň aladasyny etsene, oglum – diýdi. – Galan zady oýlanyp, ünsüňi başga ýana sowma. Herki zadyň soňy ýalňyşdyragan bolar.

Soňra oglunyň egnine pat-pat kakyp:

– Ýeri, ýeri, boş çykarmaryn, bilýäň-ä – diýip, ýerinden turdy.

Atasynyň sözüniň eýesidigini bilýän ogly edil ulagly bolan ýaly:

– Ur-ra! Synagdan soň sürüjilik okuwyna gatnabermelid-ä onda! – diýip, guş ýaly uçup, kitap-depderli stoluna dolandy.

Birnäçe günden ähli synaglayny iň ýokary derejede berip, mugallymlaryndan öwgi baryny alyp öýe gelen oglany ata-enesi gujaklap garşy aldylar.

Atasy oglunyň elini buýsanç bilen berk gysyp:

– Me, oglum, şu sowgada sen aňryýany bilen mynasyp bolduň – diýip, gunt ýaly agyr, haşamly bir kitaby oňa uzatdy – Aç-da, gözden geçirip gör!

Bu oglunyň iň eý görýän eseriniň aňrybaş hilli kagyz bilen nepis teletine gaplanyp taýýarlanan, gymmat bahaly ýörite neşiridi. Çekileri owadan bürünç tokalar bilen kiltlenýädi.

Başga wagt bolanlygynda oglanyň bu sowgada begenjiniň çägi bolmazdy, emma şu wagt onuň göwni başga zatda bolansoň, bu oňa aýylganç kemsitme bolup göründi. Ol äm-säm bolup, gözlerine ynanmaýan ýaly kitabyň eýlesine-beýlesine seredip durşuna:

– Kitapmy? – diýip, ysgynsyz, naýynjar ses bilen sorady – Kitapmy? Meniň şunça yhlasymyň, arzuw-umydymyň miwesi şu kitapmy, kaka?..

Soňra birden nemlenen gözlerindäki edil keseki adamyňky ýaly sop-sowuk nazaryny atasyna dikip, dazarylyp gepledi:

– Men senden ömrümde ýekeje gezek bir zady haýyş etdim, ýekeje gezek! Nämä beýtdiň? Käşgä ýagdaýyň ýetmeýän bolsa. Ýa-da umyt bermesediň...

Soň hasam gazaply we gödek sypata girip, guduz açan ýaly, kitaby pylçap zyňdy-da:

– Muny başyňa ýap! Hiç zadyň gerek däl! Hemmesini özüm alaryn!.. – diýip, atylyp çykyp gitdi.

Bu ahwala lam-jim bolup duran hossarlaryndan ilki enesi daşky gapynyň güňleç şakyrdysyna özüne gelip “Dur, balam!” diýip ylgamakçy bolanda, adamsy onuň golundan tutup saklady.

– Degme, şu wagt ol barybir saklatmaz – diýen ýaşuly üstüne gaýa ýykylan ýaly ýegşerip, özüni diwana goýberdi – Eý, Allam, ol hiç zada düşünmedi! Men ony duýdansyz begendirmekçi boldum ahyryn... Edeniň bar bol-a...

Birnäçe gün ogullaryndan nam-nyşan bolmandan soň onuň iberen resmi wekili gelip, gapylaryny kakdy. Ogullarynyň kämillik ýaşa ýeten raýatdygyny ýatladyp, onuň şahsy resminamalaryny bermegi talap etdi. Näçe ýalbarsalaram, onuň resminamalaryndan başga zady almakdan, ogullary barada maglumat bermekden we hossarlarynyň sözlerini oňa ýetirmekden boýun gaçyrdy. Ogullarynyň tabşyrygy şeýlemiş.

Ata-ene köp urnanlaryndan soň ogullarynyň salgysyny tapmak başartsa-da, bu peýda bermedi. Ogullary olaryň sözüni diňlemän, telefony taşlady, hatlaryny okaman ýyrtdy, iberen adamlaryny gapydan salmady. Soň bolsa daşary ýurda gitdi diýdiler, garaz, yzyny gutarnykly ýitirtdi.

Aradan ýigrimi ýyldanam uzak wagt geçdi. Ol ýigit indi özüni kemsiz tutan, öýli-işikli, çaga-çugaly, epeý pyýadady. Emma indi wyždan azaby ony gysyp-gowrup barýardy. Bir ulag sebäpli hossarlaryny terk edenine ökünip, özüni kötekleýärdi. Bir gün bolsa ýüregi bir erbetligi syzan ýaly, janyna jaý tapmady. Gijelerine uklap bilmän urnup geçirdi. Soň howlukmaçlyk bilen uçaga mündi...

Ol hossarlarynyň köşk ýaly öýlerine baryp gapyny kakanda, ol ýerde bireýýämden bäri başga adamlaryň ýaşaýandygyny bilip galdy. Tanyş-bilişleri onuň kän wagtlap hassa ýatan atasynyň 4-5 gün mundan öň ýogalandygyny habar berdiler, soňra gatly jaýlardaky iki otagly köneje öýde ýaşaýan enesiniň ýanyna eltdiler.

Çuw-ak saçlary übtük-übtük sarkyp ýatan, çöňňe gözleri töweregini zordan saýgarýan kempir krowatda ýumruk ýalyjak bolup, demini çala alyp ýatyrdy. Ogluny sesinden tanap, täzeden bir jana gelen ene üzlem-saplam gürrüň berýärdi:

– Sen ýiteniňden soň kakaň işini hem taşlady. Biziň üçin dünýäniň manysy galmandy. Kakaň kem-kemden aklyndan azaşan ýaly boldy. Seni “gördüm”, “tapyp getirerin” diýýän kezzaplara dünýäniň puluny berip goýberýärdi. Şeýdip juldan çykdyk. Bolmanda-da hemişe bagtyýar günlerimizi ýatladyp duran, her ýeri seni ýadymyza salýan ol öýümüzde ýaşamaga takadymyz ýokdy. Ol zatlar owarram-la. Soňky demimde oglumy sag-aman gördüm, şo ýeterlik. Kakaň welin ýoluňa göz dikip-dikip, gözlerini açyp gitdi. Hernä il-gün, dost-ýar, duzuny iýen adamlary ony sarpalap-derejeläp ugratdylar...

Gözi ýaşly ogly kakasynyň mazaryna zyýarat edip gelenden soň, enesi ysgynsyz ses bilen hykgyldap, sözüni dowam etdirdi:

– Oglum, iň erbedi hem seniň beýtmegiň üçin hiç hili sebäp ýokdy ahyryn. Öýkelär ýaly ataň näme ýazygy bardy? Hol skafyň çekmesinden şol sowgadyňy al-da, içini açyp gör. Ataň sargyt edip gitdi “Iru-giç gelse, şol kitaby açyp görsin” diýip...

Köneje şkafyň çekmesinden alan kitabyny sandyraýan elleri bilen sypap, üç gezek maňlaýyna sylan ogly onuň tokalaryny emaý bilen ýazdyrdy. Çekileri açylan küti kitabyň ýüpek ýaly sahypalarynyň arasyndan typyp gaçan agyrja kagyz bukja agaç pola tarkyldap düşdi.

Ol bukjany açyp gören oglunyň ysgyn-mydary gaçyp, özüni lampa ýere goýberdi. Çünki bukjada öz döwrüniň iň “aždar” ulagynyň açary hem-de onuň şol şumbagt güne degişli satyn alyş resminamalary bardy.
 

98 |
|