1 minut alar
Gowylyklar nusgasy
Ölüm – hak. Öňem biriniň aýdyşy ýaly, ölümi öldürmän ölümlilikden gutulyp bolanok. Käbir hakykatlara ylmy taýdan akyl ýetirip bolmaýandygyna düşünmek üçin, tehnologiýanyň ösmegine garaşyp ýörmeli däl. Ylmyň gutarýan nokadyndan aňyrda ýol ýokdur öýtmeklik, elbetde, düşünjeliligi, paýhaslylygy ündeýän ylmyň ýörelgesine-de tersdir. Bardy-geldi şondan aňyrda ýol bar bolup, biziň aňymyz ýetmeýän bolsa näme etmeli?! Mahlasy, iman bize ölümsiz diriligiň ýoklugyny aýdýar. Ölümden aňyrda ýoluň barlygy ýa ýoklugy dogrusynda akyla däl-de, esasanam, wyždana sala salmaly. «Ölä aýan, dirä…