Logika

Hudaý barmy ýa-da ýokmy? Ateistleriň nukdaýnazaryndan garaýyş

Şuwagt dünýäde millionlarça adam Hudaýyň barlygyna ynanýar. Şeýle-de bolsa, ateistler we agnostikler ýaly käbir akymlar ylahy barlygy sorag astyna alýarlar, we ateistler ylahy barlygy gönümel ret edýärler. Bu makalada ateistleriň ylahy barlyk baradaky delillerini we olaryň arkasyndaky pikirleri öwreneris. 1. Taňrynyň barlygynyň subut edilip bilinmezligi. Ateistler ylahy barlygyň ylmy ýa-da logiki taýdan subut edilip bilinmejekdigini öňe sürýärler, sebäbi ylahy barlygyň düşünjesini ylmy usullar arkaly synagdan geçirip ýa-da barlap bolmaýar. Taňrynyň barlygy üçin berlen subutnamalar köplenç…

Arthur Conan Doyle

Artur Konan Doýluň “Alty sany Napaleon” atly hekaýasy barada (Detektiw žanrynyň käbir tilsimleri) Detektiw (iňl. detective, latynçadan terjime edilende, detego – açýaryn, mälim edýärin, syryny paş edýärin), aňtawçy, sülçi, derňewçi diýen manylary berýär. Detektiw žanry edebiýatyň bir görnüşi bolup, ol adatça, logiki analiziň (mundan beýläk seljermäniň) kömegi bilen haýsydyr bir syrly jenaýaty açmaga bagyşlanan sýužet esasynda guralýar we ýazylýar. Dedektiw žanrynyň, esasan, iki sany sýužet tipi tapawutlandyrylýar: 1) Intellektual, Edgar Allan Po-dan gaýdýar (esasy üns…