6 minut alar
Içimdäki guş
Içimdäki guş (hekaýa) “Ýene düýşüme giripdir – diýip, Hurma saçlaryny darap otyrka pikirlendi. Ýene şol mämişi köýneginde. Menden Rahadyň ýagdaýlaryny soraýar. Men oňa hemme zat gowy, sen alada etme jan dogan diýip ýalbarýaryn, ol menden razy ýaly başyny atyp ýylgyrýar. Düýşüňde öli adam ýylgyrsa, nämäniň alamatyka?” – diýip, howsalaly pyşyrdady. Ýogyn saçlaryny doly örtübilmeýän keltejik ýaglygyny ildirensoň, howlukmaç çetki otaga girip gitdi. Bir üýtgeşiklik tapjak bolup alakjaýan gözleri nobat gezegini nätanyş ys alan burnuna berdi.…