2 minut alar
Ak kebelekler
Meniň ýaşaýan şäherime ak kebelek ýagdy. Bir sebäp bilen hökümet edaralarynyň birinde işleýän tanyşymyň ýanyna barmaly bolanymda, onuň iş stolunyň üstünde: «Gijelerine çyranyň ýagtysyna üýşýän ak kebelekleriň pagtanyň ösüşine zeper ýetirmeýändigi anyklanyldy» diýlip ýazylan habarnama gözüm düşdi. Halkyň dilinde «möjek» diýlip atlandyrylýan şol jandaryň sypaýy dildäki atlandyrylyşy «ak kebelek» bolýar. Ýöne bary-bir halkyň aýdýany dogrymyka öýdýärin. Sebäbi bir şähere däl, tutuş welaýata ýagan şol jandara «kebelek» diýesiň gelenok. Gündiz däl-de, gijelerine hem demligiňi daraldyp barýan…