13 minut alar
Kagyz Şäherjigi
Kagyz şäherjigi (hekaýa) Bular ýaly şäherjigiň haçan we kim tarapyndan döredilendigini anyk aýtmak çetin. Sebäbi onuň ýaşaýjylaram beýle täsin şäheriň haçan peýda bolandygyny bilmeýärler, hatda, şäheriň örän geň şäherdigine-de düşünmeýärler. Olaryň bar bilýän zady – bu şäheriň häkimi maşgalasyz, ýalňyz Suratkeş bolmaly. Hiç kim henize çenli onuň ýüzüni görmek hukugyna eýe bolup bilmändir. Ol şäheri etekläp oturan dagyň aýagujunda ýerleşýän bir otagly, pessejik jaýda ýaşaýarmyş. Jaýyň diňe bir otagdan ybaratdygy baradaky çaklamalaryny ogryn – dogryn…