Bagul Atayeva@bagul08
10 minut alarHudozhnik
(hekaýa) Ujy saralyp giden otlar ýaz aýlarynyň soňky pursatlaryny başdan geçirýärdi. Kebelekler tomsuň yssysyny duýmaga başlan ýaly pessaýdan haýal uçýardylar. Megerem, birden maýyllap, birden gyzmak indi tebigatyň aýrylmaz bölegine öwrüleni üçin kebelekleriň başy aýlanýandyr. Diňe janly-jandarlaryň däl, adamlaryňam enter pelegi çöwrülen ýaly bolýar şeýle howada. Adamzat jemgyýetiniň barha durnukly bolmaga çalyşýan dünýäsinde howanyň ediberşini diýsene. Howanyň pursatsalymda üýgtgeýändigine diňe adamlar däl, ýer ýüzündäki ähli janly-jandarlar öwrenşip bilenok. Şo hili günlerde Gün duran ýerinden gozganmaýan ýaly…