10 minut alar
Erteki
ERTEKI (HEKAÝA) Olaryň ýaşaýan öýleri ikigatly jaýlaryň birinji gatynyň iň çetinde ýerleşýärdi. Men hemişe o jaýy bir gyrasyndan döwüljek bolup duran dörtburç çörege meňzedýärdim. Oturyşy boýunça ol şeýle duýgulary oýarýardy; eger-de, şo ýerdäki jaýlary bir enäniň alty sany gyzy diýip hasap etseň, onda iň eleşany, megerem, şo çetki jaý bolardy, eger-de, yzly – yzyna tirkelen otly diýip hasap etseň, onda bölünjek – bölünjek bolup duran tirkegi şo jaýa meňzärdi. Jaýyň iki sany penjiresiniň biri öňünde…