Gorkut Ata Eposy

Gorkut ata döwrüniň milli egin-eşikleri

Gorkut ata döwrüniň milli egin – eşikleri hakynda Egin – eşikleriň haýsydyr bir döwrüň taryhyny dikeltmekde örän ähmiýetli orny bardyr, sebäbi şol döwrüň adamlarynyň aň – düşünjeleri, sosial ýagdaýy we mentaliteti (ýaşaýyş medeniýeti) olaryň geýýän eşiklerinde şöhlelenýär. Gorkut ata döwrüniň egin – eşiklerini dikeltmekde biziň iň ygtybarly çeşmämiz “Gorkut ata” eposydyr. Eposda donlaryň birnäçe görnüşiniň ady tutulýar. Olar, esasan, reňki taýdan (sary don, gara don) tapawutlanýarlar. Şeýle hem eposyň birnäçe boýunda jüpbe donuň we inçe…

"Gorkut ata" eposy, Eneler hakynda

Eneler hakynda kelam “Gorkut ata” eposy göçme sýužetleriň jeminden beýan bolan folklor eserleriniň hataryna girýär. Şu hili sýužetli eserleriň obrazlar ulgamyny derňemekde bir bökdençlik ýüze çykýar. Ol hem her boýuň, hatda, öz içinde-de belli bir obraz liniýasyny saklap bilmeýänligidir, ýagny bir-de garadangaýtmaz keşpli gahrymanyň birden gorkak keşbe geçmegi we ş.m. Bular ýaly hadysa folklor eserleriniň halk tarapyndan döredilýändigi üçin bolup geçýär. Logiki obrazlar liniýasyny döretmek diňe bir ýazyjynyň galamyna degişli bolup, ähli ünsüň şoňa gönükdirilmegini…