2 minut alar
Agaçlar
Bugün takside gelýärkäm bir topar bolup oturan agaçlara gözüm düşdi. Içimden "Biz adamlaram edil şu agaçlaryň kökleri bilen ýere berk ýapyşyşy ýaly bu dünýä berk ýapyşýarys öýdýän."diýdim. Käbir agaçlaryň göwresi daýaw, käbirleri bolsa maňa meňzeş, ejizjedi. Dürli-dürli agaçlar bar bu dünýäde. Hersiniň wezipesi, ýaşamaklygy üçin gerekli bolan şertleri hem tapawutly. Hersi öz ýerinde özlerine düşen işleri berjaý edýärler. Biri plan ýerde gülläp otyr, biri plan ýerde gurap otyr, biri bolsa plan ýerde miwe berip otyr.…
