14 minut alar
Gürrüňdeş
Gürrüňdeş (Hekaýa) Haçan başlanandygyny-ha bilemok welin, günüň ikindi ýarymy iň köp pikir edýän wagtyma öwrüldi. Biziň sygyrlary örüden getirýän gumaksy ýolumyz bar, ýoluň bir gyrasy içini gamyşlyk basyp giden kiçiräk ýaba degip geçýär. Şol ýoldan mallary idip gelşime, al reňke boýalan gözýetimi synlamagam täzeden çykarypdyryn. Bolmasa gözýetimdäki ikindin ýüze çykýan al reňkli şapak mundan on bir ýyl öňem – meniň sekiz ýaşda mal bakyp başlan wagtymam bardy. Obanyň çopan oglanlary bolup, günüň ýaşar wagtynda uzak…