Bagul Atayeva@bagul08
3 minut alarBagtly günümiň şaýady
Bagtly günümiň şaýady Türkmen halkynyň durmuş toýy bilen bagly däp-dessurlary gadymylygyny saklap gelýär. Bu däpleriň häzirki wagta çenli apalanyp, mukaddeslik derejesine ýetirilmeginiň aňyrsynda halkyň milli ruhy ýatyr. Millilik bolsa haýsydyr bir halkyň hökmany bolmaly ruhy ýörelgesidir. Şonsuz hiç bir milletiň millet hökmünde öz ornuny tapmajakdygy edil Gün ýaly aýdyň Hakykatyň bize beren az bolmadyk sapaklaryndan mälim. Şeýle bolansoň ata-babalarymyz diňe bir ruhy arassalygyny saklaman, eýsem, şol baý ruhy mirasy wagtyň geçmegi bilen has kämilleşdiripdirler, döwrüň…