8 minut alar
ÝERDÄKI MELEGIŇ EJELIGI
O döwürlerde Günüň doguşy başga bolupdyr. Dünýe öwüşgin atýar, ähli zat şeýle reňkdar. Ýaşyllar hakyky ýaşyl, gyrmyzylar hakyky gyrmyzy. Howanyň tämizligi bir başga, tüssede zäher ýok. Serhetler ýok. Däpler serhet, din-iman serhet. Eli gylyçlylar alaman bilen, pukaralar halalyň yzynda. Akdan garany saýlamak aňsat eken o döwürde. Her kimiň ýoly belli. Çeşme boýy süri-süri käkilik, keýikler-umgalar owlaklaryny yzyna düşürip dereden-derä agyp-dönüp ýör. Awuçysyz bolmaz, elbet. Ýöne ynsap bar. Magtymguly ýaly ärler dünýä inip biler ýaly ynsap…