2 minut alar
Umytlar Arçalar Bilen Ýalpyldamaýar Eken
"Arçalar bilen umytlar hem ýalpyldaýar" diýip ýazanyma eýýäm üç ýyl geçipdir. Şol makalada gysgaça şeýle ýazypdym: Täze ýyl baýramçylygyny gutlamagyň türkmenleriň gündelik ýaşaýşynda heniz täzedigini aýtsak ýalňyşmasak gerek. Ýaş baýramçylyga sabyrsyzlyk bilen garaşmagyň we uludan taýýarlyk görmegiň özeninde “umyt” bar diýip hasaplaýaryn. Telewizorly otagyň bir gyrasynda bazardan alnyp bezelen polietilen arçasynyň düýbünde daşa degen paltasyny öňümizdäki ýyl üçin täzeden ýiteldip oturanlar ýygy duş gelýär. “Ýetip gelen täze ýylyňyz....” Belläp geçişimiz ýaly arçalaryň bezegleridir yşyklary ýanwar…