2 minut alar
Käbir
Ýürek agyrylarym bar. Dereksiz, bolgusyz ýürek agyrylarym. Ýöne bu agyrylar janyma biraz hoş hem ýakýar. Bir aýdymda "Agyryny söýmek bolarmy?" diýýärdi. Ýa ol aýdymyň sözlerini men düzäýdimmikäm? Bu gereksiz ýürek agyrylarymy ýeňmek, olardan halas bolmak üçin has ulurak agyrylara baş goşýaryn. Sebäbi öňde biri "Agyry, agyry bilen gutular. Yşk bolsa has beýik bir yşk bilen." diýipdir. Oýun-oýunlyk bilen bizi iň beýik yşka çagyrypdyr öýdýän. Diýseň diýmeseň şu öňküler bizden köpüräk bilýän ýaly. Aslynda belli bir…