18 minut alar
Uçuş ýyly
Uçuş ýyly Ýonatan Netanýahunyň ýagty ýadygärligine bagyşlanýar (hekaýa) Adamzadyň taryhynda şeýlebir döwürler bolýar. Olar bir ýa-da iki däl, alty – ýedi çatrygyň arasynda galyp, haýsy ýol bilen gitmelidigini saýlamaga mejburdyrlar. Her bir ýoluňam özüne ýetesi ýüki, agramy bardyr. Onsoň haýsy ýoly saýlajagyny bilmeýän adamlar biri – birinden dalda gözleşip, gyssaga düşerler. Ondanam netije bolmasa, dilegini gök asmana aýdarlar. Asmandan bolsa öz garaşyşyň ýaly çalt jogap ýokdur. Şol sebäpden umydy çykmadyk biçäreler alaçsyzlykdan eginlerini gysarlar, biri…