3 minut alar
Ýaşa, haýyr işe meşgul bol!
Täze ýylyň ýetip gelýänine uludan-kiçi hemme begenýär. Kiçileriňki düşnükli. Olar ösüp barýarlar, her täze ýyl olara täzelik. Mekdebe gitmelileri täze ýyl mekdebe gitmeli diýşip ýylyň täzelenmesine garaşdylar. Dogrusy, olar muny doly göz öňüne-de getirmedik bolmaklaram mümkin. Ýöne täze ýyl geldi, diýmek olar bahym okuwa giderler. Okuwy gutarjaklaryňky has şatlykly. Olar mekdebe girip aga-gara düşünip ugranlaryndan mekdebi tamamlajak ýyllaryny belläp ýördüler. Ine şol ýylam ýetip geldi. Gulluga gidenler, gullukdan gelenler, öýlenjekler, öýlenenler... Garaz, garrylardan başgalar täze…