2 minut alar
Özüm özüm däl
Şeýtan belli bir nokatdan soň adama "Ol eşekde ýüküm ýok, ýykylsa habarym ýok." diýdirenok, "Ol eşekde ýüküm bolaýanynda-da göti başyndan aşyr gitsin." diýdirýär. Bu nokada gelmek bir tarapdan erbedem däl. Maňa näme eziýet çekip, özümi harlamak? Dünýäň keýpini gör-de(asly görde bolmaly) ýaşaber! Keýpsiz ýerlerine-de ýum gözüňi! Şular ýaly hezil edip ýaşap bolsady. Türkmen pahyryň "Nätjek, özüňkidä." sözi bu pikirleriň öňündäki iň uly päsgelçilikleriň biri. "Özüňki bolaýanynda-da ... " diýdirýär şeýtan. Özüňi "Sen eliňden geleni edýäň/etdiň,…