2 minut alar
"Ömri ölçän sagat"
Garaşylan günüň gelenine öýde hiç kim düşünenokdy.Onlarça ýyl bäri öýüň içinde dymmazdan işläp duran, kämahallar "tik-tak" sesi bilen hemmäniň ünsüni özüne çekýän diwar sagady şol gün durdy. Diňsäň, öý düýbünden gelýän ümsümlik howany has hem agyrlaşdyrýardy. Ähli zat öňküsi ýaly bolsa-da, öý bir zatdan mahrum ýalydy. Bu sagat öýüň iň kethuda agzasynyň—atanyň ýaşlykdan bäri ýany bilen alyp ýören zadydy. Ony ýaş mahalynda kakasy sowgat beripdi. Her gezek sagady arassalanda, atanyň ýüzünde bir ýylgyryş peýda bolýardy.…