Teswirler (0)

Ýüklenýär...
User Avatar

Sungatyň güýji :-)

5 minut alar

Waka:

Geçen asyryň 90-njy ýyllarynyň aýaklarydy. Işdeş dostum irden işe geldi. Ýüzi salyk. Güp ýaly çişen gözlerinden gijäni çirim etmän ukusyz geçirendigini aňsaň boljak.

-Dos, näme boldy? Ýaman ýüzüň salyk-la,-diýsem, ajymtyk ýylgyryp, başyny ýaýkaýar:

-Aý, aglajakmy, güljekmi, düşüner ýaly däl...

-Hä, näme boldy?

-Äý, düýn işden soň oglanlaryň biriniň ogul toýuny gutlamaga gitdik. Sagat onlarda öýe barsam, ejem ýarym-ýaş bolup aglap otyr. “Allajanlarym näme heýhat gopduka?” diýip janym kekirdegime geldi. “Eje, näme boldy?” diýip aljyrasam, olam aglamjyrap oturyşyna, horkuldap-horkuldap bir zatlar diýýär. Näme diýýänine düşüner ýaly däl, bir, kimdir biri “öldi, öldi” diýýänini saýgaryp bolýar. Muňa men hasam howsala düşýän. “Beh, ejemi beýle haýykdyrar ýaly haýsy ýakyn garyndaşymyz amanadyny tabşyrdykar-aý?” diýen iňkisde, kellämde golaý-goltumda ölüp biläýjekleri içimden seçip-saýlaýan. “Daýylarymyň birimikä? Äý ýo, olar-a intäk ýaş, janlaram sag. Kakam pahyr tarapdan birimikä? Aý olardanam-a “bu gün, erte öljek bolýandyryn” diýip aýdyp-goýany ýok”. Onýança daşardan gelnimem geldi. Onuňam gözi ýaşly, aglap-aglap gyzaryp giden. Mundan soň-a men hasam elimi-aýagymy ýitirip ugradym. “Beh, Hudaý saklasyn, harby gullukdaky jigime dagy bir zat bolaýdymyka?”. Ahyry şu ýerde çydaman, öýdäkä jabjyndym: “Aýdyň-ow maňa, näme boldy? Kim öldi?”. Onda-da öýdäki näme diýdi diý-ä, dossum?

Şu ýerde dostum, öz wakasyna hasam nazym berjek boldumy nämemi, teatr säginmesi bilen säginip, maňa çiňerildi. Menem onuň göwnüni ýykman, “diý” diýenini diýdim:

-Näme diýdi?

-“Kamisar Katani öldi” diýýä.

Men düşünmedim.

-Kim, kim?-diýip, agzymy öweldip durşuma soranymy duýman galdym.

-Ine menem edil şü seniň bolşuň ýaly boldum-da,-diýip dostum, ernini öňküsindenem beter gyşartdy:-gaýtalap soradym welin, ilkagşam telewizorda “Sprut” (Kyrkaýak) kinosynyň soňky seriýasyny görkezendiklerini, onda-da komissar Kataniň atylandygyny aýtdy. Şondan bärem ikisi-de özlerini alyp bilmeýämişler... Ýeri, dos, güljekmi, aglajakmy? Bil-dä, indi. Iň erbet ýerem bilýäňmi näme?

Dostum ýene-de sähelçe sägindi. Soňam sözüni jemledi:

-Ejemi köşeşdirýänçäk ýüregagyrysy tutd-a. Haýdan-haý “Tiz kömek” çagyryp, hassahana äkitmeli boldy. Uzak gije-de gaýtman şonuň gapysyny garawullap, ejemiň ýagdaýynyň birneme gowulaşandygyny aýdansoňlar, bärik, işe geldim.

 

Kim diýipdir-ä: “Bu zatlar şeýlebir gülkünç bolardy, eger-de olar şeýlebir agyňy tutdurmasa”? :-(. (Pýer Ogýusten Bomarşeň ýoýulan görnüşi :-))

 

Ýene-de bir waka:

 

1989-njy ýyl. Güýz. Obamyzyň üsti açyk, tomusky klubynda Mithun Çakrabortiniň (il arasynda oňa: “Jimmi” diýläýýädi) baş keşbi ýerine ýetirmeginde, “Maşgala” atly hindi çeper melodrama kinofilmi görkezilýär. 

Bizem, ýaňy on-on iki ýaşyndaky bezzatlar – öýden kakamyz-ejemiz, kluba girmäge petekhakylyk 50 köpük berse-de, ony “Ýawa-100” çilimini alyp, ululardan ogrynça üýşüp çekmek üçin “ekonom edýäs” (tygşytlaýas). 

Nädip?

Bijesi çykan birimiz-ä klubyň içine tomaşaçy goýberip, pul ýygnaýançy adamy gepe güýmeýär. Beýlekilerimizem klubyň ýeňsesine aýlanýarys-da, onuň mähnet kino apparatlaryna barýan elektrik togunyň ätiýaçlyk ýere gidýän (zazemleniýesi) ýogyn siminden ýapyşyp, klubyň takmynan 2,5 metrlik diwaryndan aşyp, içine girýäris. 

Pul ýygnaýançy-kinoçam Aýdan ýa-da Myrryhdan (Marsdan) gelip düşen däl – olam şu obada doglup, şu obada önüp-ösen, şu obaň adamsy – bu pyrryldaklaryň hemmesinden habarly. 

Eline çyrasyny alýar-da, ýekän-ýekän hatarma-hatar tomaşaçylaryň oturan oturgyçlarynyň arasyna aýlanyp, biz ýaly “towşanlary” awlamagyň kül-külünde jöwlan urýar. 

Tomaşaçylaram – keýpikök ýaşu-garrylar – bu mugt tomaşa köhi gelýär. Bizi, ýa özleriniň oturan oturgyçlarynyň aşagyna dykyp ýa-da üstümize penjek-senjeklerini atyp, gizlän kişi bolýarlar. 

Ol, gözegçi-klubçy bende-de bizi şowagt görse görýändirem-de, gatybir bihaýalyk bilen gözüne jüýjerilip oturmasaň, görmedik bolup geçýändir-dä. 

Ýogsa eliň aýasy ýaly haýatyň içiniň niresinde gizlenjek diýsene. 

Onsoň, ol öz aýajyklary bilen göz-görtele gözüne dürtülip, girisine ilen, halys göze düşýänräk ergeneksiziň birki sanysyny tapar, tutar-da, olaryňam gulagyndan towlap, klubyň daşyna çykaryp kowup goýberer. “Ertir ýörite öýüňize baryp ataňa ýa kakaňa aýtjakdyryn” diýibem haýbat atar. 

Ýöne, meniň-ä onuň kimdir biriniň öýüne baryp bu bezzatlygy “şugullany” ýadyma düşmeýär.

Özem, bu zatlar ýaman çalt bolup geçer. Sebäbi uzakly günüň meýdan işinden ýadaw, ertirem ýene gara daň bilen meýdana çykmaly kolhozçylar, kän bir hallyň-sallyň güýmenip, wagtlaryny “ogurlap” oturmaga klubça ýol beräýmezler.

Derrew: “Başl-ow bahym-da, başla tizräg-ow...” diýýän, gykylyk-sykylyk, haýbat, çaklaňja oba klubyny göçüräýjek bolup başlar.

Onsoň kino başlanaram welin, ýaňky oturgyçlaryň ýa-da ol-bi penjek-žemperiň aşagynda bukulyp ýatan biz bahym çykarys-da, petekhaky tölän “ak adamlar” ýaly, oturgyçda ýazylyp-ýaýrap kino tomaşa etmäge başlarys.

Ine onsoň, şol “Maşgalany” görüp otyrys welin, ýaňky filmiň iň bir gynançly ýeri geldi. Ondaky ejesiz ýesir galan oglanjykdyr gyzjagaz, özleriniň maýmynjyklary bilen guýa gaçan, nätanyş zenany guýudan çekip çykarýarlar. Çagalaryny eklemek üçin gijesine-de gazanç edýän kakalaram ýanlarynda ýok. Onsoň bu aýaly guýudan dartmaga bujagazlaryň güýji ýetmeýär. Onda-da olar dişlerini gysyp, gan-gabarçyk bolan elleriniň agyrysyna döz gelip, ýaňky aýaly çykarmak üçin dyzamaklaryny bes etmeýärler.

Ine şol pille-de men kino aňalyp oturyşyma birdenkä gapdalymda çagalykda gaty ysnyşyp oýnan deňdeşimiň ýokdugyny aňşyrdym. “Ol eýýäm şu ikarada nirä gürüm-jürüm bolduka? Ýa ýene-de kluba ogryn giren bizi gözläp ýören klubçyny göräýdimikä?” diýen iňkis bilen men, garaňkylykda töweregime ýaltaklap ugradym.

Şol wagtam oturan oturgyjymyň aşagyndan pessaýja horkuldy gelýär.

Tisginip gitdim-de, “Nämekä bi?” diýen howatyr bilen aşak egilsem, ýaňky sumat bolan deň-duşum, oturgyjyň aşagynda bir gysym bolup çugutdyrypdyr-da, hamsygyp aglap otyr. Özem agy sesini çykarmajak bolubam iki eli bilen agzyny tutýar.

Men aňk-taňk boldum.

“Beh, muňa näme bolýar-aý? Şujagaz wagtyň içinde, ýa ony ululaň biri uraýdymyka?” diýip, ýene bir-ä oňa, birem töweregime diňirgenýän.

-Nämmoll-ow, dos?-diýsem, ol ýaşly gözlerini haýdap süpürip, pyşyrdaýar:

-Ejesini pylan etdigimiň kinosy... ýaman erbet agladyp otyr-aý, meni şumat...

:-(, “Sungatyň güýji” diýilýäni-dä...

Soň, kino tamamlanyp klubdan gaýdyşyn, ol ýaşytdaşym, özüniň kinoň gynançly ýerinde gaty erbet bozulandygyny, saklanybam bilmändigini aýtdy. Onsoň köpüň arasynda ýarym-ýaş bolup oturmaga-da utanyp, oturgyjyň aşagynda gizlenen ekeni. 

Oglanjyk-da...

Hemmämiziňem mertlige, erkeklige düşünişimiz şoň ýalydy-da...

...Soň o neresse ýigrimi ýaşynda pahyr boldy.

Imany hemra bolsun, gowy çagady, gowy ýigitdi, ýüregi kagyzdanam ak, pamykdanam tämiz dost eken...

53 |