Bir adam Sokrata şeýle diýipdir:
- Bilýäňmi, dostuň maňa sen hakda nämeler diýdi?
⁃ Dur, aýtjak bolýan zadyňy ilki "üç elekden" geçir -diýip, Sokrat ony saklapdyr.
- Üç elek?!
- Nämedir bir zady aýtmankaň ony üç elekden geçirip görmek gerek. Ilki bilen hakykat eleginden geçir. Munuň hakykatdygyna ynamyň barmy?
Ýok, ýöne eşiden zadym
⁃ Diýmek, sen munuň çynlygyny-ýalanlygyny bileňok. Onda ikinji elekden - ýagsylyk eleginden geçireli. Sen dostum hakda ýagşy zat aýtmakçy bolýaňmy?Ýok, tersine...
- Diýmek, sen hakykatlygyna ynamyň bolmasa-da, ol hakda erbet zat aýtmakçy bolýarsyň. Üçünji elegi
- peýdalylyk elegini göreli. Aýtjak bolýan zadyňy eşitmegim hökmanmy, maňa peýdasy degjekmi?
Yok, onuň saňa zerurlygy ýok. Sokrat sözüni jemläp, șeýle diýipdir:
- Şeýlelikde, seniň aýtjak zadyňda ne hakykat, ne ýagşylyk, ne-de peýda bar. Onda ony aýtmak nämä gerek?
