Teswirler (1)

Ýüklenýär...
User Avatar

Sekiz sany sazanda

12 minut alar

Sekiz sany sazanda
Hekaýa Titanik gämisinde heläk bolan sekiz sany sazandanyň obrazyndan täsirlenip ýazyldy we şo sazandalara bagyşlanýar
(hekaýa)
Gäminiň üstündäkiler üçin umman pikir ediş gerimiňe görä uzap gidýärdi. Bir göräýmäge, ony pursatsalymda ýüzüp geçäýjek ýalydyň, bir göräýmäge bolsa, ummany hiç haçanam ýüzüp gutaryp bolmaz diýen pikirlere berilýärdiň. Bu iki taraply duýgydy, şol sebäpdenem örän özüne çekijidi. Islendik ikitaraply zadyň gyzykly bolşy ýaly, bu duýgyny hem tanamaga, iň gowusy bolsa, başdan geçirmäge çalyşýardyň. Şol maksat bilen gäminiň üstüne dürli gatlakdan bolan dürli dilde gepleýän adamlar ýygnanypdylar. Olaryň dil, geýim-gejim, ýaly dürlüliklerini şol bir ýagdaý – ikitaraply duýgyny başdan geçirip görmek islegi birleşdirýärdi. Ummanyň gara gök tolkunlarynyň içinden görnüp gidýän nämälim şöhlejikler ýaly, olar şol ikitaraply duýgynyň diňe iki sany däl-de, göze görünmeýän ýene birnäçe taraplarynyň bardygyna aňasty ynanýardylar. Elbetde, şol nämälim taraplar uzak ýüzüşiň dowamynda ýüze çykyp, olary gowy tarapdan haýran galdyrmalydy. 
Ululygy boýunça ýeke-täk gämi her dürli adamlaryň häzirlikçe – ýüzüş döwründe bir ykbalydy. Aslynda, ykbaly saýlap bolmaýar diýýärler, ýöne bu äpet gämi ykbaldan tapawutlylykda adamlaryň meýletin saýlawydy. Onuň ykbaldan ýene bir aýratyn tarapy, meýletin saýlawy islän wagtyň, islän ýeriňde üýtgedip bolýardy. Her bir aňly-başly adam meýletin saýlawyny üýtgetmäge özünde akylyň, güýjüň, erkiň ýeterlikdigine ynanýar, her bir aňly-başly adamy özüniň däl-de, özüne derek başga biriniň saýlamagy gorkuzýar. Gämä münýän adamlaryň ýüzünde dürli hili duýgularyň ýüze çykyşyny, ýaşaýşyny we ýerini çalşyşyny synlamak mümkin. Ýöne uzak ýüzüşe gitmegi meýletin saýlandyklaryny alamatlandyrýan duýgyny welin, hiç biri bilen çalşyp bolmaz. Sanlyja wagtdan ýüzüşe başlamaly, ykbal ýaly umumy, ykbal ýaly ýeke-täk güminiň dört tarapy hem açyk. Bäşinji hem-de altynjy taraplar bolsa, häzirlikçe hiç kimiň akylyna-da gelmeýär. Dört tarapy açyk gäminiň bäşinji – ýokaryk-asmana, altynjy – aşak-ýeriň düýbüne bolan taraplary mümkin bolubiläýjek taraplaryň hatarynda däl. Sebäbi adam gözüniň görýänine-de oňly düşünibilmeýän halyna, nädip göze görünmeýän taraplar hakda pikir edip bilsin?! Gäminiň göze görünýän tarapy bolsa uzak demirgazyk – gündogara gönükdirilen. Uzak demirgazyk gündogaryň lineýka(çyzgyç) ýaly gözýetimi edil şu wagt gäminiň üstünde jemlenen bäş sany sazandanyň boýuny deňleýän ýaly, asman hem-de umman arasyny inçe ýitilik bilen deňläp dur. Saza bolan söýgüden başga umumylygy ýok sazandalar bir ýyldyzyň bäş tarapy bolup bilerdi ýa-da gäminiň bäşinji tarapy bolmagam ähtimal. 
Gämi dört korpusdan guralan bolup, onuň birinji gaty tutýan meýdany boýunça beýlekilerden tapawutlanýardy. Ol galan üç sany korpusyň meýdanyna deň diýen ýalydy. Sebäbi birinji gat medeni çärelerdir gezelençleriň, dürli oýunlaryň, şeýle hem taýýarlyk işleriniň geçirilmeli meýdanydy. Gäminiň kapitany sazandalary ýörite özi garşylap, olara öňde duran şowhunly agşamlardyr resmi dabaralar barada umumy habar berdi. Näçe beletlik bilen gürlejek bolsa-da, kapitanyň medeni çäreler hakynda köp zat bilmeýändigi duýulýardy. Ol, esasan, agşamlaryna ruhuňy göteriji, şatlandyryjy sazlary çalmalydygy barada habar berende, özüniň eýýäm ýadandygyny bildirmejek bolup, gözüni umman tarapa aýlap goýberdi. Ummanyň kenar ýakasy açyk gök reňk bilen boýalandy. Ol, hamana, kapitanyň dury gök gözleriniň dowamy ýaly hereketsiz we ümsüm ýatyrdy. Sazandalaryň iň ulusy, kyrk ýaşlaryndaky Persi Teýlor kapitan ýanlaryndan gidensoň, “Wajypsyraýar” – diýip, beýlekilere gözüni gyrpyp goýberdi. Hakykatdanam, eger, gämini başgalara seredende, üýtgeşik görkezmek islegi bolmadyk bolsa, onda sazandalary hut kapitanyň garşy almajakdygy düşnükli zatdy. Bu, garaşylyşyndan artyk ýygnanan ýokary gatlakdan bolan jemgyýetiň öňünde ýene bir gezek özüňi görkezmekden  we medeniýete bu gämide aýratyn sarpa goýulýandygyny nygtamakdan ybaratdy. Umman näçe ümsüm boldugyça, sazandalaryň iň kiçisi-Rojerden galanynyň eýýäm göhi gelýärdi. Olaryň göwnüne bolmasa, gury ýerde sazyň ähli hyjuwlaryny adamlar ýeterlik duýup bilmän, umman giňişliginde bolsa, şol hyjuwlara gark bolaýjak ýalydylar. Sebäbi, gämä münýän her bir adamyň ýüzünde, hatda, ol bäş-alty ýaşlaryndaky gyzjagaz bolsa-da, ýerdäki ýaşaýyşdan başga bir ýaşaýşa gadam basýandygy duýulýardy. “Hudaý bar, men şu gün öýlenerin” – diýip, Persi gyzjagaz we onuň ejesi tarapa nazar oklap gygyrdy. Gämi açyk gök reňkli ummanyň kenar ýakasynda ak balykgulak ýaly bolup durdy. Ýiti Gün şöhleleri onuň ähli ýerine dolubilmeýän ýaly, diňe gämi penjireleriniň öňünde aýratyn şöhle saçýardy. Ýöne, umuman alanyňda-da, gämi ak merjen ýaly ýalpyldaýardy. Ol hereketsiz duran wagty kenaryň aýrylmaz bölegine çalym edýärdi. Haçan-da, gämi kenardan daşlaşyp ugranda, onuň bir bölegi edil aýsberg ýaly, bitewi gurluşyndan bölünip aýryldymyka diýdirdi. Sebäbi, gämi edil bir gapdaly gopan beton, daş binalar ýaly, haýallyk bilen bölünip, umman tarapa süýşýärdi. Ölçenip goýlan wagt aralygyndan üç minut otuz sekiz sekunt uzaga çeken ýüzüşe başlaýyş pursaty gäminiň kapitanyny birahatlandyrdy. Ol jübüsinden çykaran, kümüş ilgençek bilen berklenen tegelek sagadyna ynanmaýan ýaly, oňa esli seredip durdy. Tegelek sagat togalak dünýäniň bir gyrasyndan ýüzmäge başlan gäminiň başlangyç nokadyna öwrüldi. Sagadyň dili ulanylmaýan beýleki üç ugruň sanyny görkezýän ýaly, üçlük sanyň üstüne baryp durdy. Şeýlelikde, gämi kenardan dogry sagat üçde bölünip aýryldy diýse boljakdy. 
Biz entek gark bolamzok, sen bolsa eýýäm hopugýaň – diýip, Jon Klark ýerleşip başlanlaryndan bäri, ilkinji gezek söz gatdy. 
Sazandalaryň ýaşy boýunça iň kiçisi Rojer gök ummanyň üstüni çilim tüssesi bilen basýarka, näme üçindir Jon Klarkyň ýaňky aýdan jümlesinden başga hiç zat hakda ibaly pikir edip bilmedi. Umman kenarýakada pöwrize reňki bilen haýran galdyrýar. Bu reňkiň ýönekeýligi, durulygy we göräýmäge ýeňiljekdigi islendik adamda oňa bolan ymtylyşy oýarýar. Belkem, ummanyň şu sadaja başlangyjy ýaş gyz ýaly özüne çekensoň, köpleriň ummandan gorkmaýan bolmagy mümkin. Eýsem, hiç bir zady entek görüp ýetişen däldir öýdýän sadaja ýaş gyzyňdan çekinýärsiňmi näme?! Ummanyň göräýmäge ýeňiljek keşbi ony doly boýlap geçip bolar diýen ynamy döredensoň, adamlarda gorky-ürki ýok. Ýöne Rojer Briku hemme adamlar ýaly däl. Ol şu gäminiň ýaşy boýunça iň kiçi sazandasydygyna garamazdan, uly adamlardan beter howpurgaýar. Şo wagt, çilim tüsselerini bulutsyz asman bilen paýlaşýarka, onuň ýüregi öňküsinden batly urýar. Çilim tüsseleri çytyk çal asmana ýetibilmän, edil suwuň üstüne düşen gar tozgajyklary ýaly eräp gidýärler. Uzagyndan olaryň her dürli wagtda howlukman, ýadaman, daş-töwerege ýaýrap, iň soňunda bolsa, howa garyşyp gitmegi Rojer Brikuny köşeşdirdi. Diňe bir köşeşmegem däl, ol şeýlebir ahwala düşdi welin, gözlerinden iki sany gözýaş damjasy paýrap gaýtdy. Daşyndan synlap duran, kim bilýär, näme pikir ederdi? Ýöne Rojeriň özi welin, hiç zat hakda pikir edenokdy. Ol şeýlebir ahwala düşüpdi welin, umman ýaly çuň we giň boşlukdan başga hiç bir zady duýmaýardy. Ol şo pursat ömri umman ýaly köp bolar öýdüp howatyrlanýardy. Oňa ýaşamak, onda-da şu umman ýaly köp ýaşamak içgysgynç bolup görünýärdi. Çilim tüssesi bilen dolan kellesini uzak göteribilmän, ol bir egnine gyşardy. Gülller şeýdip solýarlar, tolkunlar şeýdip gutarýarlar, ýyldyzlar şeýdip sönýärler. Üns berip görseňiz, olaryň ählisi hem ugruny üýtgedäýse, öňki ýaşaýşyny ýitirýändirler. Rojer Briku owaldanam hemme zat hakynda pikir edip ýören ýetginjek däldi. Ol adamlaryň pikirini diňlänlerinden sazyny diňlänlerini gowy görýändiklerini bilýärdi. Şol sebäpdenem onuň dünýäsi çalýan saz guraly wiolençelden aňry geçmeýärdi. Onuň aňynda çalýan sazlary bilen boşluk hemişe ýerini çalşyp durýardy. Kellesini bir egnine gyşardyp, edil guş ýaly gizlenmäge çalyşýan Briku şu ýagdaýda ummana has golaýdy. Onuň gözleri çalýan saz guralynyň ady ýaly mawy umman giňişligini boýlaýardy. Eger umman wiolençel saz guraly bolsa, onda onuň dört kirşi Brikunyň ululy-kiçili dört sany ýoldaşy bolmalydy. Özüne gezek galanda Briku şpil bolmaga-da razydy. Hawa, olar ýaşy boýunça biri-birinden tapawutlanýan sazandalar bolsa-da, bilelikde bir işi ýerine ýetirmelidi. Olaryň ählisinden şobir zada, edil wiolençel saz guralynyň dört sany kirşinden bir saza garaşyşlary ýaly, ajaýyp sazlaryň ýaňlanaryna garaşýardylar. Haýsy sazlary çalmalydygy baradaky pikirleriň başyny bogman, kaýutasyna gaýdyp gelende, ol ýene üç sany sazandanyň toparlaryna goşulandygyny gördi. Şeýlelikde, olaryň bäşligi sekizlige öwrülipdi. Ýöne, agşamara Wolles Hartli olaryň iki topara bölünip, gäminiň aýry-aýry ýerlerinde çykyş etmelidigini habar berdi. Brikuny ýene iki sany skripkaçynyň ýanyna goşdular. 
Diňle... Geliň, üýşüp surata düşeliň – diýip, Persi Teýlor garaşylmadyk ýerden teklip etdi.
Entek surata düşmäge wagt tapylar-la, men şu gözellikden bir ganaýyn – diýip, Hartli palubada garaşýan tanyş zenanyna kakdyryp aýtdy. Soňundan sazandalaryň bile düşmeli suraty Hartli bilen birlikde kaýutadan çykyp gitdi.  
Umman haýran galaýmaly derejede parahatdy. Ýerdäki asudalyga öwrenşen adamlaryň içinde ummanyň bular ýaly ýuwaşlygyna kanagatsyzlyk bilen çemeleşjek bolýanlaram tapylýardy. Olar gämide tanyşlyk açmak maksady bilen aýlanyp ýörüşlerine, islendik garagollygy etmäge taýýardylar. Bu jenaplar ummany haýsydyr bir nysakçy gözeliň gök köýnegi hasaplap, hamana, gözleri bilen onuň gözelligini ölçemek isleýän höwesjeň hanymlar bilen gabatlaşýardylar we amatly pursatda olara söz gatýardylar. Howanyň sowukdygyna, asmanyň çytykdygyna, ummanyň bolsa suwdanam ýuwaşdygyna öwrenşip bilmedikleri sazandalaryň konsertine çagyrýardylar. Iki topara bölünen sazandalaryň repertuary biri-birinden tapawutlanýardy. Aşaky gatda galan “bäşlik” ummanyň tolkunlary ýaly parahat saz çalýardy. Näme üçin olaryň bellenen wagtdan ir saz çalyp başlandyklary ýokardaky “üçlük” üçin mälim däldi. Ýöne hyzmatçy ýigit ýokardaky “üçlügiň” agşam sagat ýedide saz çalyp başlamalydygyny duýdurdy.
Biz edil asman bilen ýer ýaly bölündik – diýip, Jon nägile äheň bilen gepledi. Edil Mari Briku ýaly, Jonuňam bir bitewi toparda çykyş edesi gelýärdi. – Häzir ol ýerde hezillik bary bolýandyr – diýip, soňundan öz-özüni köşeşdirjek bolsa-da, Jonuň gözlerinde mese-mälim gaýgy bardy. 
Olar “Elizany” çalýarlar – diýip, Briku ýylgyrdy. – Sen skripkaň bilen “Elizany” nädip çaljak, Jon?
Ýeke özüm çalyp bilerdim. “Elizany” diňe ýekelikde çalmaly – diýensoň, olaryň üçüsem gülüşdiler. 
Şol bir wagtda aşaky gatda Teodor Breýli, hamana, ýuwaş tolkunlaryň içine girip gidýän ýaly saz çalýardy. Onuň göwnüne bolmasa, her bir basyş bilen, ol barha aşak çökýärdi. Saz çalyp otyrka, çagalykda bolan bir waka onuň ýadyna düşdi. Teodor Breýliniň ene-atasy dini hadymlar bolmasa-da, özüňi alyp barmak düzgünlerine örän berk gözegçilik edýärdiler. Bu maşgalada indi näçe asyrdan bäri edep-terbiýe kadalary üýtgewsizligine miras galýardy. Şol sebäpden, duýgularyňa erk etmelidigi hakynda Teodor çagalykdan bilýärdi. Diňe saz çalan pursatynda ol kalbynyň iň çuň ýerinde gizlän duýgularyna aralaşýardy. Ol özem aňar-aňmazdan, iň gizlin ýerde bukan duýgy şalygynyň garaňky perdesini syrmaga, ol ýere saz bilen ýagtylygy getirmäge ymtylýardy. Şonuň üçin Teodor Breýliniň sazlary hemişe garaňkylygyň bir ýerjagazyny böwsen kiçijek şöhle ýaly inçejik umyt bilen tamamlanýardy. Şo wagt, “Elizany” çalýarka, onuň ilkinji gezek güli ysgap görşi ýadyna düşýärdi. Daşy gazet bilen dolanan bägülleriň tikenleri gazetiň kä ýerini deşip durdy. Gülüň baldaklarynyň şiresi gazetiň ysy bilen garyşyp, dymyk we hopukdyryjy ys berýärdi. Teodor Breýli ilkibada gülüň öz ysyny alybilmedi. Ýöne gülleri burnundan aýyrman, ysgamagyny dowam etdirdi. Haçan-da, gülüň ysyny alyp başlanda, ol özüni barha aşak çökýän ýaly duýdy. Onuň beýnisi gülüň ysy bilen dolup, iň gowy görýän duýgularyny oýarýardy, tutuşlygyna gaplap alýardy. Şoňundan şular ýaly synanşyklar birnäçe gezek gaýtalandy. Ýöne Teodor Breýli ilkinji gezek gülüň ysyny alanda, hamana, aşak çökýän ýaly duýgyny başdan geçirendigini ýadynda saklady. Ol sazlaryň içinden “Elizany” çagalygynyň şo pursadyny ýatladýandygy üçin gowy görýärdi. 
Bir günüň dowamynda ummanyň howasy ençeme gezek üýtgäp bilýär. Elbetde, howanyň gäminiň ýüzüşine nähili täsir edýändigi hiç kim üçin gizlin däl bolsa gerek. Ýöne şol gün umman seýrek ýuwaşlygyny görkezipdi. Ol edil asman bilen dildüwşen ýaly, üýtgewsiz ýaýylyp ýatyrdy. Ol ýakyndan şeýle äpet, daşdan bolsa, kiçijek bir bölek ýaly görünýärdi. Ýazyň syrdan doly aýy bolan apreliň iniňi gagşadýan howasy gäminiň içine giribilmän, ony diňe daşyndan gurşap bilýärdi. Gäminiň içinde bolsa Jonuň aýdyşy ýaly, hezillik bary bolýardy. Aşakdaky “bäşlik” Elizadan soň, Wiwaldiniň “Güýzüni” çalmaga başlady. Birinjiden, bu orkestriň däbidi, olar hemişe diýen ýaly banketlerde “Güýzi” çalýardylar. Ikinjiden, birinjiniň sebäbi diýseňem bolýar. “Güýzde” bir uly oturylyşyga çagyryş bardy. Ol özüni hanym we jenaplar ýaly duýmak isleýän ähli adamlar üçin elýeterlidi. Dogrusyny aýtmaly bolsa, saz edil howa ýaly ähli jemgyýet gatlagy üçin umumydy. Şol sebäpden sazandalar gäminiň ýolagçylaryny ruhlandyrmak üçin hem-de olaryň göwnüni awlamak üçin “Güýzi” ilkinjileriň hatarynda çalmagy makul gördi. Galyberse-de, ol gäminiň üstünde bolup geçýän taýýarlyk işleri bilen mazmundaş gelýärdi. Bu saz ilki bilen ýygnanşyga-agşamlyk naharyny edinmäge çagyrýardy. Ol ummanyň üstünde ýerdäkiden has arzyly bolup görünýän ir-iýmişleri, dürli-dümen tagamlary mazamlaýardy. Şeýle hem dürli milletden bolan adamlary birlige, bitewilige çagyrýardy. Iýip-içip, wagtyňy keýpi-sapada geçirmelidigine, häzir diňe şatlanmagyň pursatydygyna ümleýärdi. “Güýz” özüniň beýemçiligi bilen, guramaçylygy bilen ýerini tutup bolmajak saz eseridi. Şo pursat, gäminiň uly zalynyň emeli çyralar bilen ýagtylan pursaty gämiden daşarda garaňkylyk düşüpdi. Ýörite goýlan uly lýustradan başga-da, kiçiräk çyralar zaly ýagtyldýarka, asmanda bir ýyldyzam ýokdy. Uzak gün çytyklygyny saklan asman, iň soňky pursatlarda-da özüne wepaly bolmak isleýän ýaly, hereketsizdi. Ýöne oňa derek zalyň içinde şowhun döräp başlapdy. Eger şo wagt balyklar sessiz ýüzýän bolsalar, gäminiň içinde dynçlykda duran zady tapmak kyndy. Hatda, guşlaryňam asmanda görünmeýän wagty diňe adamlar aç-açan özlerini görkezip bilýärler. Olar keýpine wilkalary çakyşdyrýarlar, sebäbi çäşleriň sesi ýokary aristokrat durmuşynyň alamatlaryndan biri. Bu gämide bolsa hemmeler aristokrat bolmaga synanyşýarlar. Ykbal ýokary gat jenaplary bilen bile gitmek mümkinçiligini berdimi, diýmek, seniňem öz arzuwyňa, iň bolmanda, galtaşyp galmaga ýa-da ýakyndan seretmäge hakyň bar diýip düşünýärler. Şo sebäpden bu gämi arzuwlaryň gämisi bolup görünýärdi. Onda dynç ýatan ummanyň öwezini dolýan sesler örän agdyklyk edýärdi. Zenanlaryň şowurdaýan köýnekleri şaglawuk ýaly akýardy, suwuk naharlaryň içilişi balyk teňňeleri ýaly şipirdeýärdi, ökjeli köwüşler urunýan balyk guýrugy ýaly tapyrdaýardy, daş-töweregiň gowurdysy kenara degýän tolkunlar ýaly güwleýärdi. Garaz, ummanyň ses-seleňsiz ýatyşynyň öwezini gäminiň üstündäki galmagaldan almak boljakdy. Orkestr “Güýzi” çalýardy, bu sazda taýýarlyk duýgusy agdyklyk edýärdi. Elbetde, adamlarda taýýarlyk duýgusy peýda bolandan ol derrew gowy zatlaryň arzuwyny etmäge başlaýar. Şonuň üçin taýýarlyk duýgusy aňylar-aňylmaz toýa garaşmak duýgusy bilen örtülýär. Toýuň nähili hadysadygyny her kim birhili göz öňüne getirse-de, onuň tolgunjy ähli adamlarda birmeňzeş bolýar. Bu edil iň soňunda bir nokada birigýän şöhleler ýaly dürli röwüşler bilen ýaldyrasa-da, barybir, mazmun taýdan birmeňzeş ýagtylyk ýalydyr. “Güýzüň” adamlarda gozgaýan taýýarlyk duýgusy dürli reňklerde, dürli hereketlerde, dürli seslerde ýüze çykýardy, özem bular ýaly şady-horramlygyň entek-entekler tamamlanmajakdygy baradaky ümlemeleri bilen ýüze çykýardy. Habar berlişi ýaly, ýokardaky “üçlük” göni sagat ýedide repertuaryna başlady. Olar iki sany skripkaçy bilen bir wiolençelistden ybarat topardy. Eger aşakdaky “bäşlik” Wiwaldiniň “Güýzi” bilen tutuş zaly janlandyran bolsa, ýokardaky “üçlük” wiolençeliň we skripkanyň ähli manysyny açyp görkezmek isleýän ýaly, ýuwaşdan gynançly sazlary çalýardy. Bu bolsa onsuzam tertipliligi we ýuwaşlygy bilen tapawutlanýan ýokary gat wekillerini mumly ýüplüge öwürýärdi. Olar pyşyrdap diýen ýaly salamlaşýardylar, adatdakydan has ýuwaş gepleşýärdiler we haýal hereket edýärdiler. Şeýlelikde, aşakdaky “bäşlik” bilen ýokardaky “üçlük” biri-biri bilen galtaşmaýan umman tolkunlary ýaly bölünipdi. Rojer Mari Briku özüne mahsus bolmadyk eden-etdiligine hem haýran galýardy, hem beýleki iki skripkaçyny öz yzyna eýermäge mejbur edýärdi. Ol edil iki sany erkin aty eýerleýän seýis ýaly, iki skripkaçyny-da gynançly sazlary çalmaga itekleýärdi.  Wiolençel ähli saz guralyndan beter ýürek urgyny gowy beýan edýär. Onda ähli tolgunmalaryňy, iň esasysy bolsa, ähli gorkyňy ýüze çykarmak mümkin. Sebäbi wiolençeliň gorky ýaly ätiýaçly we gödek owazy bar. Ol seniň kalbyňdaky iň elhenç tümlügi hem daşyna-ýagtylyga çykaryp bilýär. Kalbyňdaky tümlügiň nähili agyr basyş bilen dogluşyny ýüregiň gürsüldisi duýdurýar. Şo pursat şeýlebir gorkýarsyň welin, ýeriň ýüzünde diňe sen we seniň gorkyňdan başga ähli zat gutardymyka öýdýärsiň. Megerem, diňe sazyň şeýle batyrgaý güýji bardyr, sebäbi ol bir pursatam, bir dem salymam saklanmaýar, gutarmaýar. Ol, hamana, nämeden gorkýan bolsa, barha şonuň üstüne topulýan jandar ýaly hereket edýär. Edil şemden aýrylybilmeýän perwana ýaly, öz gorkusynyň daşynda pyrlanýar. Bu duýga girişip başlanyňdan ähli zada kaýyl gelýärsiň. Ol ýuwaşlyk bilen seni öz goýnuna dolap almaga taýýarlaýar. Seniň gorkýandygyňa rehmi inmeýär, şol sebäpden öz ugrundan üýtgemeýär. 
 
 

(Dowamy bar)

Bägül Ataýewa 

42 |