Teswirler (0)

Ýüklenýär...
User Avatar

SANLY ÖSÜŞ WE EKOLOGIÝA: TEHNOLOGIÝA TEBIGATY HALAS EDIP BILERMI?

2 minut alar

Soňky onýyllyklarda sanly tehnologiýalar adamzadyň durmuşyny düýpgöter üýtgetdi. Telefonlar, internet, emeli aň, “akylly” şäherler – bularyň ählisi ösüşleriň nyşany hökmünde kabul edilýär. Emma bu ýerde bir sorag ýüze çykýar: bu ösüş tebigata nähili täsir edýär? Has möhümi – tehnologiýa tebigaty halas edip bilermi ýa-da ony has kyn ýagdaýa salarmy? Ilki seredeniňde, sanly ösüş ekologiýa üçin peýdaly ýaly görünýär. Kagyz az ulanylýar, aragatnaşyk tizleşýär, fiziki hereket azalýar. Emma bu diňe ýüzleýin baha bermek bolýar. Sanly dünýäniň aňyrsynda uly energiýa sarp edilişi, maglumat merkezleri, elektron galyndylar ýaly görünmeýän ekologik yzlar bar.
Maglumat merkezleri häzirkizaman “zawodlardyr”. Olar internetiň işlemegini üpjün edýär, emma şol bir wagtyň özünde ägirt uly energiýany sarp edýär. Bu energiýanyň çeşmesi bolsa, köplenç henizem kömür we gaz ýaly ýangyçlardyr. Şeýlelikde, sanly ösüş bir ýerde “ýaşyl” ýaly görünse-de, başga bir ýerde tebigata agram salýar.
Elektron enjamlaryň ömri hem gysgalýar. Telefonlar, kompýuterler, batareýalar tiz könelýär we zibile öwrülýär. Elektron galyndylar bolsa, iň howply galyndylaryň biridir. Olar tebigatda dargamaýar, zäherli maddalary öz içine alýandygy sebäpli toprak bilen suwy hapalaýar. Bu ýagdaý sanly ösüşiň kölegesinde galýan ekologik howplaryň biridir. Şeýle-de bolsa, tehnologiýany diňe problema hökmünde görmek ýalňyş bolar. Dogry ugrukdyrylan sanly ösüş ekologiýa üçin güýçli çözgüt bolup biler. “Ýaşyl” energiýalaryň dolandyrylmagy, energiýa tygşytlaýjy ulgamlaryň döredilmegi, howanyň ýagdaýyny öňünden çaklamak ýaly mümkinçilikler hut tehnologiýanyň özi arkaly amala aşyrylýar.
“Akylly” şäher düşünjesi munuň aýdyň mysalydyr. Dogry meýilleşdirilen sanly ulgamlar ulag dyknyşygyny azaldyp, energiýanyň sarp edilişini kadalaşdyryp, howanyň hapalanmagyny peseldip biler. Emma bu diňe tehnologiýa däl, syýasat we jogapkärçilik bilen utgaşanda netije berýär.
Sanly ösüş ekologiýa hyzmat etsin diýýän bolsak, ilkinji nobatda pikirlenişi üýtgetmeli. Täze tehnologiýalar diňe amatly bolany üçin däl, onuň ekologik täsiri göz öňünde tutulyp ornaşdyrylmalydyr. “Täze” diýen düşünje “has peýdaly” diýen manyny bermeli däl, “has jogapkärçilikli” diýen manyny bermelidir. Bu ýerde ýaşlaryň orny aýratyn möhümdir. Ýaşlar tehnologiýanyň esasy ulanyjylarydyr. Olar diňe sarp ediji däl, eýsem dörediji hökmünde hem çykyş edip bilerler. Ekologiýa ugrukdyrylan startaplar, sanly çözgütler, maglumat kampaniýalary ýaşlaryň gatnaşmagynda has üstünlikli amala aşýar. Ýaş nesiller tehnologiýanyň ugruny kesgitleýän güýçdür.
Tehnologiýa tebigaty öz-özünden halas edip bilmez. Ol diňe guraldyr. Bu guralyň ulanylyşy adamyň ahlagyna, jogapkärçiligine we maksatlaryna baglydyr. Sanly ösüş ekologiýa garşy däldir, emma ol ekologiýa hyzmat etmelidir. Eger tehnologiýa diňe peýda gazanmak üçin ulanylsa, tebigat ýene-de utular. Eger ol jogapkärçilik bilen ugrukdyrylsa, onda tebigat bilen adamyň arasynda täze sazlaşyk döredip biler.

 

Laçinbek ALLABERGENOW,
Türkmenistanyň Tebigaty goramak jemgyýetiniň
Daşoguz welaýat bölüminiň başlygy.

|