Teswirler (2)

Ýüklenýär...
User Avatar

Mugallym

Sabyrly derwiş

2 minut alar

Bir gün derwişiň biri çörek almak uçin çörek dükanyna gelip bir giden adamlaryň yzyna nobata durupdyr. Ençeme wagt geçenden soň adamyň çörek alma wagty gelende çörek satýançy, nämedir bilinmeýän bir sebäpden gaharjaň ýüzi bilen “Ýok saňa çörek!” diýip derwişi kowupdyr. Derwiş by, urana elsiz söwene dilsiz. Hiçzat diýmäni ýene-de nyzamyň iň yzyna geçip çörek üçin nobata durupdyr. Ençeme garaşanyndan soň ýene çörek almak nobaty gelende hälki satyjy önkisi ýaly derwişi itekläp, gygyryp kowup goýberipdir. Derwiş giňden sabyr çekip, hiçzat diýmäni ýene-de nyzama durupdyr. Wagty gelip çörek almak üçin satyja ýüzlenende satyjy üçünji gezegem derwişi gygyryp kowupdyr. Derwiş ahyry çydamany, gahar-gazap bilen ýerde ýatan bir daşy eline alyp satyjynyň maňlaýynyň ortasyna ýelmejek bolanda... Ýene-de uly demden “Ýa sabyr” diýip pälinden dänipdir-de alan daşyny dükan penjiresiniň düybine zyňyp öýüne tarap ýöräpdir. Ol gije aç ýatyp, ertesi gün ýene düýnki gelen dükanyna gelip, çörek üçin nyzama adamlaryň yzyna durupdyr. Çörek alma wagty gelende, görse düýnki zalym adam ýok. “Nirde düýnki adam” diýip soranda dükandaky “Sebäbinä bilemzok welin öýünde dünden bäri öljek bolup, jan çekişip ölüp bilman ýatyr ” diyip jogap beripdir. Derwiş, manyly gözler bilen “düşnükli” diýen ýaly düýnki ýere oklan daşyny alyp şol satyjynyň öýüni tapyp ýanyna barypdyr. Görse, ulydan demini zordan alyp ýatan satyjy. Daşy ýuwaşlyk bilen maňlaýyna goýan badyna satyjy şol ýerde jan beripdir. 

Maňlaýymyza ýazylan, Allanyň takdyry. Herkim ýazylany ýaşaýar. Hemmämiz gündelik durmuşymyzda alan kararlarymyzyň netijesine görä şekillenýar ýolumyz. Dogryny seçmek, hakykatda durup bilmek kämil adamlaryň häsiýeti. Satyjynyň ýogalmagy daş sebäpli boljagy ýazylgydy. Netije üýtgemedi diňe usuly üýtgedi. Derwiş kämillik etdi, sabry seçdi. Adam öldürmek ýaly uly ýalňyşdan gutuldy.  

103 |