Teswirler (2)

Ýüklenýär...

RUHUŇ AÝDYMY

2 minut alar

Derýa akýar, dälidir, sygmaz hanasyna. Hiç bir güýje saklatmajak ýalydyr. Ony görüp derýa bolasym geldi, joşa gelesim geldi. Çyrpynyp, kenarymy igledip, okgunly aksam. Kenardan garanlar däl, badymdan içimdäki balyklar howsala düşer. Sillerden ýygnan derýasyň. Teşneler ganar senden. Seniň suwuň bol bolsa, iliň berekedi artar. Ah, ömrüňi derýa bolup geçirseň, aksaň köllere guýulsaň! Ine-de köl! Köňlüm dön hyýalyňdan, derýalykdan dön. Gör, derýa-da köle ýetip, intizaryna gowşan kalp kimin köşeşýär. Tolkun tolkuna dolaşýar. Guşlar oňa ses goşýar. Bir uly söýgüden galan armanmy, ýa ene ýeriň gussasy?! Ýa bir pir kyssasy?! Bulut bolup ýüzüne dökülen saçlaryny asman, köle bakyp daraýar! Geçdim ähli zatdan, köl bolsam diýdim. Muňa deňiz diýerler! Deňsiz diýerler! Gomlary daglara atýandyr haýbat hem birdenem şeýle parahat. Aýagyndan ogşar beýik şahyryň. Ony şahyr edenem ýene özüdir. Gündiz Gün ýüzer ýüzünde, gejelerine Aý! Al meni, bolmanda bir pursatlyk özüňe alaý. Güýjüňden demim tutulsyn. Ýataýyn Ýunus kimin bir balygyň goýnunda. Birdenem deňziň ýüzündäki ak ýelkenlije gaýyga gözüm düşdi. Köňlüm telwas etdi şol ak ýelkenli gaýyga! Tolkunlaryň täjine meňzäp, çarlaklaryň sazyna eda bilen çaýkanyp ýüzüp ýör, Lermontowyň ýalňyzlygy! Asmanyň buludy ýaly. Men oňa münüp bilerin, emma ýok, ýok! Goý, maňa münsün ýalňyzlar! Ak ýelkenli gämi men bolaýyn. Ýelkenim ganatlarym mysaly gözýetime çenli götersin meni. Birdenem gözýetimden bir ses geldi. - Sen nämä telwas edýäň, nämä? Sen nämeleri elýetmez saýýarsyň, eý, adam? Men berlipdirin ahyryn saňa! Meniň ýanymda o gämi käsä gaçan çigdiň gabygyça-da ýokdur. Arman, gämini gördüň, gämä gerlen ak ýelkeniň tolkunlara täçdigini gördüň, meni welin görmediň. Ýogsa gämä ýelkeni dakanam mendim, ony deňize iteklänem mendim, ony tolkunlaryň depesine çykaranam ýene mendim. Görmäniň hiç, görmediň diýip gynanman. Görmedik görüp biler. Emma, görübem, meni ýelkenli gaýykça-da görmeseň... Bulutlar tüýdüm-tüýdüm tüýdülmez, mendirin tüýdülýän. Çakan ýyldyrym däldir, mendirin. Üzülen hünji kimin, ýagyşlar ýagmaz, mendirin gökden dökülýän. Höwes eden gaýygyň içi gözýaşymdan dolar, serpe-serpe tüketmersiň. Ýene-de mendirin, çöküp barýan gaýygyňy gerşine göterip kenara çykarjak. Ýene-de mendirin, ezilen saçlaryňy sypap, umyt bolup ýüregiňde urjak. Sen meni men-menlikde aýplama. Men badyhowalyk däldirin. Men howanyň badydyryn. Miweleriň dadydyryn. Gülleriň ysy. Seniň bolsa, eý, adam, RUHUŇDYRYN. Mensiz guşlaram üýşmek ýelekdir, perdir. Mensiz baglaram gury agaçdyr. Mensiz ýyldyzlaram, mysaly bir syçrantgy. Bägüller durşuna tikendir, gül ýapragyn görmersiň, görmeseň nakgaşyny. Men diýmesem mendigimi bilmediň, men diýdirdiň maňa, Allaha ynanyp maňa baglanan, eý, adam. Çar ýanyňy dört diwar kimin gurşan paýhasyň, umydyň, gaýratyň, söýgiň mensiz kör bolan çeşme mysalydyr. Mensiz söýgiň garaňkydyr, paýhasyň boşluk, ýolukdyr umydyň. Gaýratyň ejizlikdir mensiz. Men seniň RUHUŇ.

 

9 |