Reýestriň wezipesi.
2 minut alar
Reýestr-operasion sistemanyň maglumatyny goruny özünde saklaýar. Reýestr-tejribeli ulanyjylara niýetlenenn guraldyr. Reýestri açmak üçin: Win+R açylan penjirede regedit diýen ýazgyny ýazmaly. Açylan penjire:HKEY_CLASSES_ROOT – programmalaryň we faýllaryň görnüşleriniň arasyndaky arabaglanşygy saklaýar. HKEY_CURRENT_USER – şol mahal ulgamda bellige alnan ulanyjynyň profilini saklaýar, şol sanda daşky gurşawyň üýtgeýänlerini, iş meýdanynyň sazlamalaryny, toruň, printerleriň we goşmaça programmalaryň sazlamasynyň parametrlerini saklaýar. HKEY_LOCAL_MACHINE – kompýuter barada global maglumatlary saklaýar, şol maglumatlaryň içine apparat serişdeleri we amallar ulgamy baradaky maglumatlar, şinanyň kysymy, ulgam huşy, gurluşlaryň draýwerleri we ulgam göýberilende dolandyryjy maglumatlar girýär.HKEY_USERS – hemme işlenen ýagdaýda ýüklenilen ulanyjy profilleri saklaýar. HKEY_CURRENT_CONFIG – şol wagtky ulanylýan apparat profili üçin konfigurasiýa maglumatlary saklaýar. Bu bölümde diňe üýtgemeler görkezilýär. Reýestrde üýtgeşme girizjek bolsak, onuň şu wagtky ýagdaýyny saklamak gerek. Üýtgetjek bolýan bölümimizi export etmeli. Öňkimizi dikeltmek üçin import etmeli. Geliň, reýestre degişli birnäçe mümkinçilikleri göreliň:BIOS-yň wersiýasyny reýestr arkaly görmek: Görkezilen adres boýunça: HKEY_LOCAL_MACHINE\HARDWARE\DESCRIP TION\System\BIOSWindows işe göýberilendäki suratyny üýtgetmek üçin birnäçe programmalar bar. Suraty reýestr bilen üýtgedilişi. HKEY_LOCAL_MACHINE bölümde syçanjygyň sag düwmesini basyp “найти”-iň üstüne baryp “OEMBackground” ýazmaly we gözletmeli, suratda görkezilen:Tapylan soň, OEMBackground-yň parametrini suratdaky ýaly üýtgetmeli.(öň nol duran bolsa 1-e öwürmeli).Soňra C:\Windows\System32\oobe\info adres boýunça we info bukjanyň içinde backgrounds diýip bukja açmaly. Bukjanyň içine göwrümi 256kb kiçi bolan .jpg formatly, ölçegi ekranyň ölçegine gabat gelýän(gabat gelmese surat sozulýar) surat, adyna backgroundDefault.jpg diýip at bermeli. Üýtgeşmäni kompýuter täzeden açylanda(restart) bolanda görüp bilersiňiz.Prowodnigiň lokal menýusyna “копировать в папку..” we “переместить в папку..” goşmak. Adres boýunça: HKEY_CLASSES_ROOT\*\shellex\ContextMenuHa ndlers bölümde Copyto diýen bölüm döretmeli we oňa degişli bölümiň “значения”-syna {C2FBB630- 2971-11d1-A18C-00C04FD75D13} ýazmaly.Moveto(переместить в папку) operasiýasy hem edil Copyto ýaly, ýöne ‘значения”-synda {C2FBB631-2971- 11d1-A18C-00C04FD75D13} goýmaly. Netije: