Teswirler (1)

Ýüklenýär...
User Avatar

Perfect days - pursady ýaşamagyň sungaty

3 minut alar

Surat bu çeşmeden alnan: https://news.1242.com/article/486103/photo/486144

Biriniň geçen günleri ýatlap, bu günler barada igenip başlaýan wagty aňyryňa öwrülip, gözüňi agdarasyň gelýär, öňki adamlaryň has mähirli bolandygy barada, öňki aýdymlaryň, durmuşyň has gowy bolandygy barada diňlemäge özüňi taýýarlamak bilen bolýaň. Wim Wenders bolsa muny şeýle bir ussatlyk bilen edýär welin, oňa ynanasyň gelýär, we hat-da biraz gözüňem gidýär. The New Yorker bilen söhbetdeşliginde Wenders özüniň nostalgiýa, köne zatlary küýsemage, ýykgyn etmeýändigini aýtsa-da, onuň soňky filmi “Perfect days” (Kämil günler) edil şo duýgy barada, ýöne elbetde, diňe nostalgiýa bilen çäklenmeýär.

Kino elli ýaşlaryndaky Hiraýama, Tokýonyň jemgyýet hajathanalaryny arassalaýançy, barada. Ýüzleý seretsek, bir sözlem bilen, şeýle beýan edip bolar. Eger haýal temp we gaýtalanýan motiwlerinden aňyry seredip bilsek, onda bu kino başga-da has wajyp we käte şeýle zerur bolan zatlar barada.


Next time is next time. Now is now.


Meselem, pursatlar barada. Hiraýama, elbetde, köne adamlardan: maşynynda aýdymlary kasetadan diňleýär, her dynç güni goňşy kitapçydan bir dollarlyk kitap alyp okaýar, Hiraýamanyň plýonkaly fotoapparatam bar, oňa Tokýonyň adaty durmuşyny düşüryär, we gowy çykmadyk suratlary pikirlenmezden ýyrtyp aýyrýar. Döwürdeşlerinden Hiraýamany tapawutlandyrýan iň uly zat welin onuň edil şo wagt edip oturan zadyna doly berlen bolmagy, edip oturan hereketinden doly lezzet alyp bilmegi. Köp eşdip, edip bilmedigimiz şo “Cease the day, enjoy the moment, be present” we ş.m (pursady yaşa). Rejissýor ýadaman, birnäçe gezek, Hiraýamanyň gününiň başlanyşyny, gidişini, soňuny görkezýär, we o günler näçe bir-birine meňzese-de, her gezek üns bilen seredesiň gelýär, onuň her daňy syn edişi ýaly, seniňem sahnalaryň her birini synlasyň gelýär. Onuň görýän zadyny göresiň gelýär, onuň gözleri, belki hat-da dünýägaraýşy bilen seredesiň gelýär. Daşyndan geň görýän ýaş işdeşi, onuň nädip beýdip uly yhlas bilen tualet arassalaýşyna düşünmeýşi ýaly, bizem kinoň başyndan soňuna çenli, onuň görüp, biziň görüp bilmeýän, onuň bilip, biziň bilip bilmeýän syryň nämededigine düşünip bilmeýäs.


"I think it is good to see something in movies that takes you to a realm that you don’t know yet, and which maybe doesn’t exist, but which you feel would be nice if it existed, and something to aspire to or to reach out for" - Wim Wenders

"Meniň pikirimçe filmlerde entäk saňa tanyş bolmadyk dünýäni görmek gowymyka diýýän, belki ol dünýä hakykatda ýokdyr, ýöne bolan bolsa gowy bolardy, we oňa ymtylasyň ýa ýetesiň geler" - Wim Wenders


 

Surat bu çeşmeden alnan: https://makalam.com/cdn/media/images/efe192eb-d7ce-4ab3-81a7-bbb51d87173c.webp

Kino başga-da ýalňyzlyk barada. Wendersyň öz belleýşine görä, kino ilki Tokýonyň köpçülik hajathanalaryna bagyş edilmegi üçin pikirlenipdir (bir kino bagyşlanarlyk bar eken, göreňizde tassyklarsyňyz), şeýle hem bolsa, kinoň esasy gahrymany ýalňyzlyk. Çünki peýda bolýan gahrymanlar ýalňyz. Bu ýalňyzlyk gözelligini görüp boljak derejede kaýyl bolnan we rahatlandyrýan.

Galyberse-de bu kino özüňi tanamak barada. Özüňe geregini gerekmejeginden aýyryp bilmek barada.

Kinoda görkezilýän Tokýonyň köçeleri, ýaşyl parklary, gat-gat ýollary, we elbetde, döwrebap hajathanalary dillere aýratyn dessan.

Kino hem güldürer, hem agladar. Her günüň owadanlygyny, sadalygyň gözelligini ýatladar we kim bolup, näme üçin bu ýerdedigiň barada biraz pikirlenmäge iterer.

Kinony görup bolanyňyzdan soň playlistiny diňlemegi maslahat berýän, kinodan aýratyn bir lezzeti bar.

120 |