Teswirler (0)

Ýüklenýär...
User Avatar

Jurnalist

Pataçylyk

2 minut alar

Käbir adamlaryň aradan çykmagyna asman barlyklary hem gynanarmyş. Käbir adamlaryň dünýeden sogrulyp gitmegine asman-zemin gözýaş edermiş. Bu aýdýanym aýat bolmagy hem gaty ahmal. Şäher ýerinde ýaşasaň adamlar ölmeýän ýaly bolup dur. Negada bir bolaýmasa, pata-beýlekä-de gözüň düşenok. Bu ýagdaýy görüp, ölümiň edrenç ýüzüni görkezmezlik maksady bilen pata-sadakalary hem gizläýýälermikä, jynazalary hem restoranda-beýlekide okadaýýamykalar diýesiň gelip dur. Obada welin, sosial dagynyklyk entek doly agalyk etmänsoň, öldi-ýitdi habarlary derrew her kimiň gulagyna degýär. Käbir ýurtlarda, belkem, dünýäde birki sany ýurtda, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň üsti bilen ölüm-ýitim habarlaryny halka ýetirmek gadagan. Bu gadagançylygy doly bolmasa-da, belli bir derejede gowşadylsa nähili gowy boljak?! 

 Düýn-öňňin ömrüni magaryfa bagş eden, men ýaly birentek oglanlaryň ylym ýoluna gönükmegine sebäp bolan ynsanyň aradan çykanyny eşitmän galypdyryn. Üstesine şol magaryf işgäriniň aradan çykan güni men onuň ýaşaýan şäherine baryp gaýdan ekenim. Käbir adamlar käbir adamlaryň ykbalyna şeýle bir dahylly bolýar welin, olaryň ölümi öz ölümiň hakda pikir etmegiňden hem has güýçli täsir edýär. Ölmek, dogulmak – kanunalaýyklyk. Eger ölmekligiň ynsanyýete haýry ýok bolsady, onda Allatagala ölüm prosesini her kim üçin gizlinlikde amala aşar ýaly düzgüne salardy. Elbetde, güla-güllügiň pendi-nesihatyndan ölümiň nesihaty has täsirli bolýar. Ynsanyň ýaradylyşy şeýle, ol ölümi görüp durmaly. Sebäbi her kim «Ölüm ýadymdadyr, gorky gözümde» diýmegi başarar ýaly weli däl ahyry!

56 |