Teswirler (1)

Ýüklenýär...
User Avatar

Past lives ýa-da kinoda biraz özüňi görmek barada

3 minut alar

Surat şu çeşmeden alnan: https://www.imdb.com/title/tt13238346/

Daşary ýurtda ýaşap başlanymda  ilkinji halan zatlarymyň biri kinoteatra gidip kino görmek boldy. Ýakynda göçen kiçijek şäherime geläýen wagtlarym uly kinolary görmek üçin niýetlenen kinoteatr ýok diýip aldygyna igenýädim: indi men Nolany ýa Villeneuve-y kiçijek ekranda görmelimi (görkezseler elbetde). Ýöne kiçi kinoteatrlaryň gözelligini görmegime köp wagt gerek bolmady.

Kinoteatrymyň diňe özi kiçi däl, görkezýän filmlerem kiçi. Ýagny kiçi büjet bilen düşürilen. Oňa barýan adamlar hem ýörite şo kiçi büjetly kinolar üçin barýalar, şo sebäpden köpüsi biledy näme üçin edil şo kino alanlaryny gowy bilýäler. Kinolaryň köpüsi şeýle bir ýuwaş, şeýle bir haýal welin, birje popkorny dişlejek bolsaňam oturanlaryň her biri eşder, şo sebäpden ümsümlik oturanlaryň her biriniň hormatlaýan zady. Ýanyndakysy bilenem gürleşmeýär, film gutarýança kellesine gelýän her pikire berk ýapyşýar, çagajygyň oýnap ýörkä tapan owadan daşlaryny bir bankajyga salyp aýaýşy ýaly, her birini oýlarynda aýaýar, çykanyndan soň lezzet bilen paýlaşar ýaly.

Menem “Past lives” göremde şeýtdim. “Past lives”-y türkmen diline "Geçen ömürler” diýip terjime ederdim. Bir kinoň wizual we sinematik aýratynlyklaryny bellemäne mende ne şoňa görä bilim bar ne-de isleg. Ýöne edip bilýän zadym öz durmuşymyň ssenariýasy bilen deňeşdirip, gören we ýa duýan zatlarym bilen paýlaşmak.

Bu kino ýaňy 12 ýaşyndaka watanyndan gaýdan Noranyň watany bilen, has dogrusy, şo ýerde galan dosty (Hae Sung) bilen 20 ýyl geçendinden soň aragatnaşyk baglanyşy barada. Nora ýurdundan gaýdanynda Hae Sung-y goýup gaýtmaly bolýar, 12 ýyl soň bular internetde bir birini tapýalar, hatda aralykda gatnaşygam gurjak bolýalar, ýöne aýrylşýalar. Aradan ýene 12 geçeninden soň Hae Sung Noranyň ýaşaýan şäherine, New Yorka gelýär, çagalyk söýgüsini görmek üçin. We başdan soňuna çenli tomaşa edijiniň içinde, mende, düşündirip bolmajak duýgular ýaşanýar. Gözüňde ýaş bilen, gursakda we damakda agyr duýgy bilen. Film esasan Noranyň duýgylary barada, we o duýgulary biz Nora bilen bile duýýas.

Iň halan sahnam. Surat şu çeşmeden alnan: https://www.br.de/nachrichten/kultur/film-past-lives-von-nicht-gelebten-leben,TnGmVpw

Meň üçin bu kino birinjilik bilen emmigrasiýada ýaşaýan adamyň duýgulary barada, çagalykda ýaşalan duýgularyň we hadysalaryň içimizde berk kök alyp ömrümiziň soňuna çenli bize täsir edişi barada, we diňe ondan soň söýgi barada. Nora dosty bilen görüşeninden soň adamsyna gezelenji barada aýdyp berýär we diýýä “He is so korean”, ýagny “Ol şeýlebir koreýaly” (nädip dogry terjime etjegimi bilmedim). Noranyň özem koreýaly, ýone Nora eýýäm o diýen däl, diňe biraz, we nirdedir kalbynyň çuňlugynda, aňsyzlygynyň höküm edýän ýerinde. Ine şu duýgy daşary ýurda göçen adamy hemişe yzarlaýar, we diňe romantik tarapdan däl.

Sen iki tarapa çekelenip ýaşaýaň, has hem göçen ýurduň bilen göçüp baran ýurduň arasynda ýer bilen gök ýaly tapawut bolsa. Diýaryňda üstün çykýan durmuş ýörelgelerini, dünýägaraýşy, ýaşaýyş we pikirleniş ýollaryny indi sen rahat kabul edip bileňok, ýöne täze ýerde-de sen aralaryndan biri bolmaýaň. Olaryň geçmişi seň halkyň geçmişi bilen baglanşygy az, olaryň medini kody saňa nätanyş gelýä, we köp zady näçe ýaşasaňam kabul edip bilmeýäň. Galyberse-de içiňde bir zat seni entägem öňki ýerlere çekýär. Durmuşyň emosiýa bilen doly meselelerinde sen öňki, başlangyç düzmeleriňe gelýäň, şolary ullanyp karar berýäň. Beýinimiziň emosiýalara jogap berýän bölegi iň birinji emele gelýäni üçin, şo iň başdan nämäni öwrenen bolsaň soňuna çenli şoňa ymtylýaň, şo seni özüne çekýär. Belki şo sebäpden daş-töwerigimdäki 20+ ýaşlaryndaky gyzlarymyzyň köpüsi özüne partner laýyk görmekde kynçylyk çekýändir. Sebäbi täze ýerlerdäki talapkärleri ýürek kabul edip bilenok, öýündäkileri bolsa beýnisi. Şu iki dünýäň arasynda, umuman aralykda galmak iň ýakymsyz duýgularyň biri bolsa gerek. Özüňi ne aňyrda öz ýeriňde, öýde duýup bilýäň, ne-de bärde. 

Bu kino meniň üçin aralykda galmak duýgusy barada, we gören zatlarymyň içinde şo duýguny iň gowy beýan edip bileni. Bu kino köp zatlaryň näçe ýüregiňe ýakyn we yssy görünse-de, dowam etmek üçin goýbermäne mejburlylygyň barada. Bu kino adamyň söze salynmasy kyn bolan duýgulary ýaşaýşy barada.

139 |