Teswirler (4)

Ýüklenýär...
User Avatar

Backend inžineri, programmaçy

Pareto Prinsipi ýa-da 80/20 düzgüni

2 minut alar

Pareto Prinsipi ýa-da ýörelgesi, biznesda, wagt dolandyryş sistemalarynda, ekonomikada örän meşhurdyr. Bu düzgün ony ilkinji gezek 1890-njy ýyllarda öz işlerinde tanyşdyran italian ekonomisti Wilfredo Paretonyň adyny göterýär. Bu ýörelge, netijeleriň takmynan 80%-iniň sebäpleriň iň wajyp 20%-inden gelýändigini aýdýar. Şonuň üçin oňa “80/20 düzgüni” hem diýilýär. Mysal üçin, siziň gazanjak üstünligiňiziň 80%-ni, şol ugurda etjek işleriňiziň, çeken zähmetiňiziň 20%-inden gazanarsyňyz. Siz önüm öndürýän zawodyň eýesi bolsaňyz, müşderileriňiziň 20%-i siziň girdeýjiňiziň 80%-ni getirer. Dükandan gelýän girdeýjiniň 80%-ni, satýan harytlaryňyzyň 20%-inden geler.

Pareto ýörelgesi “sebäpler” bilen “netijeleriň” arasyndaky deňsizligi görkezýär. Bu düzgüni ulanmak üçin çylşyrymly matematiki hasaplamary geçirmek ýa-da statistika düşünmek hökman däl. 80 we 20 sanlaryň hem diňe ýönekeý simboliki görkezijilerdigini göz öňünde tutalyň. Tapawut hemişe takyk 80/20 gatnaşykda bolýar diýmek ýalňyşdyr.

Bu bize nämani öwredýär?

Esasy zat, iň uly netijeleri berýän ownuk zatlary tapmak. Pareto ýörelgesi az işlemek ýa-da az öndürmek barada däl-de, has akylly işlemek we has gowy netijeleri berjek işlere dogry baha berip, olary saýgarmagy öwrenmegiň wajyplygy baradadyr. Işe geleniňizde günüň dowamynda etmeli 10 sany işiňiziň içinde iň wajyp ikisini saýgarmagy başarmaly. Adatça, şol ikisi iň kyny we köp wagt alýan işler bolýar. Beýleki işler aňsat bolany üçin, köpümiz ilki bilen şolara ýapyşýarys. Netijede, biz ünsümizi isleýän netijämiziň 80%-ni berjek 2 sany işe jemlemän, wajyplygy pes bolan işleri edýäris. Ahyrky netijede bolsa, göräýmäge köp iş eden ýaly, ýöne isleýän netijämiziň ýarysynam gazanmadyk. Ýadaw. Motiwasiýany hem ýitirdik.

Gündelik durmuşda, bu prinsipi örän köp ýerde ulanyp bolýar. Bu prinsip siziň gündelik durmuşyňyza ornaşsa, siz möhüm zatlary saýgarmagy öwrenersiňiz. Ünsüňizi has möhüm zatlara jemläp, gysga wagtda köp işleri etmegi başararsyňyz. Işleriňizi wajyplygy boýunça saýgaranyňyzda, netijesi size has köp lezzet berjek işleri öň etjek bolarsyňyz. Bu bolsa siziň höwesiňizi hem artdyrar.


Durmuşyňyzy seljerip görüň! Meselem, bir kagyza ömrüňizde ýetesiňiz gelýän sepgitleri, gazanmak isleýän netijeleriňizi ýazyň (elbet-de bolup biläýjek zatlary :D). Indi şolaryň içinde netijäniň 80%-ni berjek, 20% saýgarjak boluň. Günüň esasy böleginde edýän işleriňiz şol 20%-iň ugrundamy? Eger däl bolsa, pikirleniň. Ünsüňizi nädip şol 20%-e geçirmeli?. Güýjüňizi siz üçin has gymmatly bolan, size lezzet berjek we uly bagt getirjek zatlara gönükdiriň. Sebäbi bagtly bolmak üçin bizi garşy alýan zatlaryň bary ýogy 20%-i wajyp. Şol 20%-i hem saýgarjak bolmaly.

197 |
|