Teswirler (2)

Ýüklenýär...
User Avatar

Jemgyýetçilik işgäri

Özi ekeni...

2 minut alar

Uçar menzilindäki dükançada satylýan gaýmaklyja kökäniň hyrydary az däldi. Bir ýaş zenan hem ol kökeden bir gutusyny aldy-da, ýantorbasyna saldy. Soňra ol kitaphon gelin golaýdaky kitap-žurnal satylýan dükançada hem ep-esli eglendi.

Onuň uçarynyň  ugramagyna bir sagat dagy wagt bardy. Ýaş zenan uzyn oturgyçda ýer tapyp, rahat oturdy-da, täze satyn alan kitabyna gümra boldy. Gapdalyndaky kökeli guta käwagt elini ýetirip, agzyny süýjedip oturan gelin ýanyndaky nätanyş ýigidiň arada duran gutudan käte birki kökäni alyp iýýändigini duýdy. Emma galmagal turuzmakdan çekinip, äwmezlige salan boldy.

“Ogry! Köke ogrusy! – diýip, ol içinden welin bolmajysy bolýardy – Arman, men bir ýüzlek işigaýdan-da. Başga biri bolan bolsa edil gözüniň etegini gögertmekdenem gaýtmazdy onuň...”  Soňra bolsa ol “Öz kökämden bir az nesipli galmaýyn-la”  diýip, kitap okap oturşyna kökeden  tiz-tiz alyp, alazenzele bilen hütürdedip ugrady. Emma oglanam ondan känbir kem galyşanokdy.

Şeýdip otyrkalar gözüniň gytagyny aýlap, gutuda birje kökäniň galanyny gören gelin:  “Hany, ojagazy näderkä?” diýip oýlandy. Ýigit aljyraňňy gülüp, iň soňky kökäni iki böldi-de, şelaýyn ýylgyryp, birini  gelne uzatdy, beýlekisini öz agzyna saldy. “Bihaýa! – diýip, gaharly hüňürdi bilen ol bölejigi alan gelin, ýüzüni ýene kitaba berdi – Barypýatan bihaýa-da. Öz kökämi özüme hödür edip otyr”.

Ýolagçylar uçuşa çagyrylanda kitabyny ýygnan gelin özüne mylaýym baş atyp hoşlaşan ýigide sähelçe-de ýüz bermän, tasanjyrap ýerinden turdy. “Sylagsyz!  Iýen duzy üçin sag bolsunam aýdaýmady. Tüýs sylagsyz  mahluk-da...”

Uçarda öz ýerine geçip oturan badyna ol kitabyny almak üçin elini ýantorbasyna sokdy. Kitabynyň aşagynda ýatan bir zada eli ilende, ony çykaryp  gören gelin aňk-taňk boldy-da, soň hyrçyny dişledi. Ýüzi bolsa lap-lap gyzarýardy.

Onuň elindäki öz satyn alan kökeli gutusydy. Olaryň paýlaşyp iýenleri nätanyş ýigidiň kökeleri bolup çykdy. Asyl “ogram”, “bihaýa-da”, “sylagsyzam” gelniň özi ekeni.

Ol nätanyş ýigidi ýene bir bir görse  ötünç soramagy umyt eden ýaly gobsunyp, uçaryň aýnasyndan daşary seretdi, emma indi giçdi.

Tymsalyň maňzy: Durmuş ýolumyzda sataşan adamlary biz käte kän zatlarda aýyplaýarys. Emma şol aýyplaryň olarda däl-de, hut özümizdedigine biz  soň-soňlar, has giç bolandan soň düşünip galýarys.
 

8 |