Teswirler (0)

Ýüklenýär...
User Avatar

Özbaşdak pikirlenmelere sebäp bolup biljek sanaw 1

2 minut alar

Özbaşdak pikirlenmelere sebäp bolup biljek sanaw — 1

• Ulanylmaýan maglumat ilkinji böküşde açylmadyk paraşýut ýaly peýdasyzdyr.

• Edip biljek işleriňiz we başarmadyklaryňyz barada pikirlenýän bolsaňyz, siz dogry ýoldasyňyz.

• Şu güne çenli eden işleriňizi şu günem gaýtalasyňyz, gazanjak zadyňyz öňküden üýtgeşik bolmaz.

• Ýaşaýşymyň hili özüm we başgalar bilen aragatnaşygymyň hem-de saýlan ýolumyň hiline baglydyr.

• Bilime, başarnyga we ynama eýe bolsak, maksat edýän belentliklerimize ýetip bileris. Şeýle bolsa, näme üçin yzygiderli şikaýat edip, durmuşdaky gözellikleri görüp bilmeýäris.

• Nähili bolsa-da, gündelik pikirlerim ýaşaýşymyň aýnasydyr. 

Eger şol pikirlerime gözegçilik edip bilsem, ýaşaýşyma hem gözegçilik etmegi başararyn.

• Dünýäni has gowy ýere öwürmek üçin başarnyklarymy, çeşmelerimi we zehinimi ulanýaryn.

• Üstünlik edip bilmediklerimizde däl-de, edip bilen 

işlerimizde gizlengidir.

• Adamyň iň ýaman günäsi hiç zat etmän ölüp gitmekdir.

• Başaryp biljegimi bilýärin... Hawa, bilýärin... Duýýaryn. 

Isleglerime, dileglerime we hyýallaryma ýetýänçäm, göreşi dowam etdirjek. Bu — meniň ýazgydym.

• Özüme edilmegini islemedik işimi başgalara-da edemok.

• Men — ýeke-täk. Özümi söýýärin. Ýeke-täk bolmak aýratynlykdyr. Men — üýtgeşik bir adam!

• Mende döredijilik ukyby bar. Ony diňe bir işimde däl, oýun oýnamda hem görkezýärin.

• Geljekden umytly men. Durmuşyň maňa şatlyk eçiljekdigine we ýaşaýşymyň gyzykly boljakdygyna ynanýaryn.

• Durmuşyň her bir pursadynyň öz gymmaty bar. Şonuň üçin 

onuň her sekundynyň gymmatyny bilip ýaşamaga çalyşýaryn.

• Öz durmuşyma erk edip bilýändirin diýip hasaplaýaryn. 

Çünki nirä barýanymy we näme isleýänimi bilýärin. Bu syýahat gyzykly bolsa gerek!

• Özüme mahsus häsiýetleri söýýärin.

• Durmuşy söýýäňmi? Şeýle bolsa wagtyňy bihuda geçirme, çünki durmuş wagtdan ybaratdyr.

B. Franklin

• Öz başarnygyňy bilmezlikden hem agyr zat bar. Ol ony bilibem ulanmazlykdyr.

• Hyýallarynyň ornuny puşmanlyk eýelemese, adam hemişe ýaşdyr.

• E-he-he-he-e-eý! Özümi söý-ýärin!

• Bir zady ýat tutmak bilmek däldir. Düşünmeýän zatlarymyzy özümiziňki hasaplap bolmaz.

Gýote

Hasan Ýylmaz - Şu kitaby okap görüñ mugallym kitabyndan.

18 |