“Ölüm” gök ekrany peýda bolanda edilmeli işler
3 minut alar
Bilşimiz ýaly kähalatlarda kompýuterleriň işleýşi bilen bagly birnäçe meseleler ýüze çykýar. Olardan has giň ýaýran ýagdaýy kompýuteriň işlemän ýa-da ýüklenip bilmedik ýagdaýlary bolup durýar. Operasion ulgam ýüklenýän wagtynda kompýuter näsazlyk barada habar berip ýetişýär we “doňup” galýar. Bu ýagdaýda özeniň komponentlerini ýükläp bolmaýandygy barada ýa-da ýerine ýetiriji ulgam barada çykýan habarlar häsiýetlidir. Eger-de ýükleniş prossesiniň dowamynda düzetmegi kyn bolan ýalňyşlyk ýüze çyksa ýa-da kompýuteriň draýwerleri sandan çykan bolsa, onda kompýuter “ölüp” ýa-da “doňup” galýar. Programmistler bu ýagdaýy "синим экраном смерти" (Blue screen of death, BSOD) atlandyrýarlar.BIOS-yň habary indiki ýazgy görnüşinde bolýar→ A problem has been detected and Windows has been shut down to prevent damage to your computer - Näsazlyk ýüze çykdy we siziň kompýuteriňizi zaýalamakdan goramak üçin Windowsyň işi togtadyldy. Soňra bolsa ýüze çykan näsazlygy ýok etmek üçin umumy maslahatlar berilýär (iňlis dilinde beýan edilen).
Ekrandaky habar indiki setir bilen tamamalanýar: "Technical information: *** STOP: 0x0000007B (0xF78D2524, 0xC0000034, 0x00000000, 0x00000000). Birinji san kodyň ýalňyşy bolyp çykyş edýär, ýaýyň içinde bolsa näsazlygyň derejesine baglylykda parametrleiň maglumatlary görkezilýär. Näsazlygyň kody boýunça Microsoft kompaniýasynyň saýtynda bu näsazlyk barada ähli maglumatlary tapyp bolar.Saýtda näsazlygy ýok etmek üçin takyk maslahatlar we teklipler berilýär: A problem has been detected and windows has been shut down to prevent damage of you computer. The end-user manally generated the crash dump. If this is the first time yon ve seen this stop screen, restart you computer/ If this screen appears again, follow these steps....Kompýuter ýüklenende “doňýar” we hiç hili habar penjiresini çykarman özbaşdak täzeden ýüklenme prossesini amala aşyryp başlaýar. Bu ýagdaý wajyp gulluklaryň işinde näsazlyk ýüze çykanda ýerine ýetýär we olar kompýiteriň ulgamyny awtomatiki ýüklenilşe goýýar. Eger-de ýalňyşlyk düzedilmese, munuň ýaly sikl gutarnyksyz gaýtalanyp durýar. Windows 7 operasion ulgamyň kompýuteri ýygy-ýygydan doňup galdyrmagy, “gök ekranyň” peýda bolmagy ("синий экран смерти"), programmalaryň işe göýberilmän galmagy we ş.m. umuman işleýşi durnukly däl bolan halaty operatiw ýadyň ýalňyşlyklaryna barlamak maslahat berilýär. Eger-de kompýuter işlenilende, meselem gök ekranda, we 0x0000000A we 0x0000008e ýalňyşlyklar ýüze çykýan bolsa, onda onda operatiw huşy Windows operasion ulgamyň standart usullary arkaly testirläp görmeli.“Пуск” setirinde mdshed girizmeli we işe goýbermeli.
“Выполнить перезагрузку и проверку” buýrugyna basmaly.
Kompýuter täzeden öçürilip-ýakylar we operatiw huşyň awtomatiki barlanmasy başlanar:
Barlag uzaga çekmegi mümkin. Barlag gutarandan soň kompýuter özi öçer we täzeden işlär, we barlagyň netijesi aşakdaky penjirede ýaly peýda bolar:
Eger-de bu hilli habar ýüze çyksa, onda operatiw huşy çalşmaly bolýar. Näsazlykly moduly tapmak üçin, eger-de kompýuterde iki ýa-da ondan köp plankalar bar bolsa, her haýsyny aýratyn testirläp görmeklik maslahat berilýär. Eger-de başga kompýuter bar bolsa, onda onuň operatiw huşyny alyp, oturdyp görmeli. Eger-de bu halatda-da “gök ekran” peýda bolsa, onda näsazlyklary başga ýerden gözlemeli. Eger “gök ekran” başga kompýuterin operatiw huşuny dakanynyzda gaýdyp çykmaýan bolsa, onda operatiw huşy çalşmaly.