Teswirler (1)

Ýüklenýär...
User Avatar

Näme üçin gulagymyzy parta goýamyzda galamyň sesini has gowy eşitýäris?

1 minut alar

Sebäbi ses tolkunlary atomlaryň biri-birlerini itişmesi arkaly ýaýraýar. Gaty maddalarda atomlar biri-birilerine has ýakyn bolandygyndan ses tolkunlaryny has tiz we gowy daşap bilerler.

Emma gulagymyzy parta goýaýan ýagdaýymyzda ses tolkunlary gulagymyza gaty madda bolan partanyň atomlarynyň üsti bilen gulagymyza ýetýändigi üçin has gowy eşitýäris.


Emma howa sereden wagtymyz gaz bolandygy üçin we gazlardaky atomlar biri-birilerinden has daşda bolandygy üçin gaty maddalardaky ýaly gowy ses tolkunlaryny daşap bilmezler.

Edil şular ýaly basseýne gidemizde kellämiz çala suwa girip, gulaklarymyz suwuň aşagynda bolanda, üns beren bolsaňyz suwuň içinde bolýan zatlary has gowy eşidersiňiz. Suwuň içinde biz has gowy eşitýäris sebäbi suw atomlary , gazlara ýagny howa garanyňda ýene biri-birlerine has ýakyndyrlar.

suwun icinde ses tolkunlary

Şeýle has gowy eşitmek barada, siziň  hem ünsüňizi çeken zat barmy?

 

80 |