Teswirler (0)

Ýüklenýär...
User Avatar

Nalajedeýin

3 minut alar

Nesip bolsa bugün size ýalan-ýaşryk zatlar gürrüň berjek. Bular ýaly dogruçyl ýazýanlary aňsat-aňsat tapmaýaňyz, gadrymy biliň!. Özüni tanatmak islemeýän bir nalajedeýin. Ulus il tanaljak bolup gara başyna gaý, bu bolsa hondan bärsi. Kellesinde aýlaýanja pikirlerine-de akyl çatar ýaly däl. Meselem, narmalny adamlara “Däldiremän nädip ýaşap bilýäňiz?” diýen soragy sorasy gelýärmişin. Däldirär ýaly näme bar diýsene!.

Geçen günlerde telefon dükanlaryna aýlanypdyr, baran dükanlaryndaky satyjylaryň hemmesi diýen ýaly beýlekileriň kemçiliklerini aýdypdyr. Içine giren dükany dogryçyl, içinde däl dükanlary maşennik. Kellesi doňup gaýdypmyşyn.

Her gezek benzin guýdurmagy aýratyn waka. Benzin zaprawkanyň işgärleri guýulmaly benzinden kän benzin guýýarmyşyn. Bulam “Näme üçin kän guýýaňyz?!. Men döwlediň hakyny iýip biljek däl, azyrak guýuň!.” diýip gygyrşyp heläk. Kän guýýan bolsa dagyn guýdur-da gaýdyberdä. Indi düşünip başladyňyzmy nalajedeýinligine?!.

Gürrüň berip otursaň gürrüň berip oturybermeli. “Adamlar näme üçin eýle, näme üçin beýle?!” diýibem öljek. Soňam arasynda öň bir kitapda okan “‘Adamlar näme üçin özlerinden başga kişini pikir etmeýär, azajyk dogry bolsalar bolmazmyka’ ýaly pikirlerden gaça durmaly. Bu pikirler adamy örän ýadatýandyr.” diýen ýaly manydaky teksti ýatlap köşeşýärem. Köşeşmäge şu zeýilli gowy goşgy setirlerem bardy;

“Diýme näme üçin bu beýle

Ýerindedir ol şeýle

Gör soňuny seýreýle

Möwla göreli neýlär

Neýlese gözel eýlär”

Radioda diňlän “Akylly adam, öz döwürdeşleri bilen oňuşyp ýaşap bilýän adamdyr.” diýen söz ýadyna düşüp gitdi. Içinden “Näme indi men samsyk, tentekmikäm?!” diýip oýlandy. Ýüzünde samsyjak bir ýylgyryş hem emele geldi. “Oňuşmanam duramokla.” diýesi gelip, näme etjegini bilmän galdy.

Işe ýanyna bir sadaja oglan gelipdir. Şol geleni bäri günleri öňkilerden çaltyrak geçýärmişin. Ondan eslije öwrenen zatlary hem bar. “Tur-otur kersen getir.” diýen söz düzümini öwrenipdir mysal üçin. Manysyny özüňiz öwrenäýersiňizdä bilmeýän bolsaňyz, menä düşündirmäge ýaltanýaryn. “Kersen” agaçdan ýasalan uly okara/taňňyr bolýan eken, ony aýdaýyn ýöne. Bile stol tenis oýnap ýörkälerem muny oýa batyrjak bir sözlem düzüpdir; “Agam, narmalnyja uraý. Men saňa uramda hiçhili ‘şu alyp bilmesinle’ zat diýip uramok.” Bu sözlem oňa diýseň üýtgeşik gelipdir. Ýöne biraz tenis oýnamagy öwredeninden soň ol hem garşydaşy alyp bilmez ýaly edip urup başlapdyr. “Bu dünýe bir oýun” diýýänleri çyn öýdýän. Nalajedeýin. Warata(derweze) ýasaýan ussalara-da waratalist diýýärmişin. Birine Kasillas, ýene birine Buffon zat diýişdiren bolup. Bir gezegem bir zady oňa bildirmejek bolup, başga zat aýdan bolupdyr. Olam “Tapdyň bärde keçe telpek türkmeni!.” diýipdir. Çeper dilde “Oýnap gelsenaý!.” diýipdir garaz. Bir günem maşynly, teatryň ýanyndan geçip barýarkalar “Gülküli sahnaň wagtyny öwrenip, gelelimi?” diýse “Agam biz olara gülmeýäsä, öz geplerimiz/degişmelerimiz gülkünjä olaňkydan.” diýip bu nalajedeýini güldüripdir. Bu görgüliňem ýüzi gülsün ahyry arasynda. Bularyň başdan geçirmelerini aýdyp otursaň sogaby bar diýýänleri, şonuň üçin boldy edäýeliň.

“Bir ömürde müň alada-gaýgy bar,

Adamlaryň garasy bar, agy bar.

Şükür, ýöne ähli zadyň çägi bar,

Gyssanma, hemme zat ýerbe-ýer bolar.”

Bu goşgyny näme üçin aýtdym diýsene, bu nalajedeýin, adamlaryň garasy, ýüzi garasy, garamaýagy. Ýüregi bir ak bolaýadyr-da hernä..

114 |