Teswirler (20)

Ýüklenýär...
User Avatar

Meniň hem dünýägaraýşym wajyp

2 minut alar

Türkmenistana gidip gelenimden soň özümi duýşum şeýle bir erbetdi, ýöne köplenç özümi erbet duýanymda ýagdaýymy düşündirip bilmeýşim ýaly, bu gezegem nämäň “ne to”-dygyny, we nämäň meni şeýle agyr basýanyny kesgitläp bilemedim.

Bedenimde bu duýgyny gowy yzarlap bolýa, ýöne sözlere salyp bolanok. Sözlere salyp bolmansoňam doly aň ýetirip bolanok. Garaňkyda sermeläp ýörmek ýaly sebäbinem sermeläp gözlemeli bolýar.

Eger kinaýalap (obrazlap) aýtsam, men özümi kiçijek, güýçsiz duýdum. Meniň durmuşym, kararlarym we hereketlerim meniň ygtyýarymda däl ýaly. Men erksiz ýaly. Menden garaşylýany gowja, “asylly” bolmak. Deko hemem hyzmatçy. Ilkinji wezipäň daş-töweregiňdäki erkekleriň bagtyny üpjün etmek. Bu hiç haçan göni we açyk aýdylmasa-da, bir ýerden kellede berk oturypdyr.

Şo sebäpden hem maňa wajyp bolan erkek adamlar meniň barlygymy kesgitleýän ýaly. Haçan men bar? Haçan-da şo adamlar maňa üns berenlerinde, meniň hereketlerimi gollanlarynda we meni gowy görenlerinde. Hamala şo şertler ýerine ýetirilmese, men ýok bolup gidäýjek ýaly.

Sen aýal-gyz maşgala bolanyň üçin seniň pikiriň köplenç hiç kimi gyzyklandyranok. We eger-de öz pikiriňi açyk we censorsyz aýdaýsaňam ýa seni çyna kabul etmezler ya-da sen terbiýäňden we ahlagyňdan şübhelenerler. Hat-da daş-töwerekdäki aýaldyr gyzlar saňa düşünmezler, belki ýazgararlar. Gyzlara laýyk bolmadyk gürrüňlerde seniň näme işiň bar.

Belki şu sebäpden maňa daşary ýurtda duş gelýän türkmen oglanlaryň köpüsi geň galýandyr, bir gyz maşgala üçin gyzyklanýan temalarym we o temalara gurleşmäge bolan taýýarlygym olary geň galdyryar.

Bir ayal-gyz maşgalanyň dünýägaraýşynyň erkek maşgalanyňky bilen deňeşdirerlik derejede, we hat-da has giň bolup bilýäni adamlary geň galdyrýar. Meni welin ýagdaýlaryň şu güne çenli şeyle bolmasy gynandyrýar. Theodore Dreiser-iň “Jennie Gerhardt” (1911), Kate Chopin-yň “The Story of an hour” (1894), Charlotte Bronte-nyň “Jane Eyre” (1847) ýaly kitaplarda, we başga-da ençeme kitaplarda, biziň şu günki halymyz eýýäm şo wagtlar beýan edilendigini okap, has hem depressiw hallara düşýän.

Gyzyň çaga ýa-da kemakyl hökmünde kabul edilmesi, ondan garaşylyan zatlary erkekleriň diktate etmesi, we muny şo sanda aýallaryňam goldamasy ýa dymmasy, jemgyyetimiziň ösmegine hä getiresi ýok.

We eger şu basiс meseleler entägem gürleşilmeýän bolsa, onda galan zatlar barada gürlemek gerekmi näme?

instagram: @biraz_bashgacha

136 |