Teswirler (3)

Ýüklenýär...

Men söýermen göwnüm üçin

11 minut alar

Gyzam giden. Soň gyzam gelmänmiş, ýigidem... Aýraçylyk üstün çykanmyş söýgüden. Günler bolsa kerwen gurap geçip gidip otyr, geçip gidip otyr... „Günler bolsa kerwen gurap geçip gidip otyr...“ Ol galamyny duruzdy. Ýene-de suraty eline aldy. „Bir döwürler elimde şu surat, şu suratdaky ýarymam ýanymda joşumdan aýdymdym, sazdym, dünýäni daşyma aýlap tans edýärdim. Arman, tansyňam, islendik zat ýaly soňy gelýär eken. Suratyň welin, şol bir durşy... Hatda suratdakam indi özüne meňzänok... Ine saňa ýene bir erteki!..“ Bu „erteki“ nähili geň başlanypdy! Ýogsa ol söýüşip öýlenjekdi. Hatda biri bilen söýüşäýsemmikäm diýibem ýördi. Birdenem bu surat ara düşdi. Ejesi pahyr gudaçylykdan gelende: „Şeýle bir gyz, oglum, gyzylly halka elimize ilendir“ diýip gelipdi. Kakasy pahyr welin, „Haý nä bileýin, her kimem gelin edinmänkä şeýdiýýär“ diýip, ony inkise gidiripdi. Gelnejesem çala eşitdirip: „Indiki geljegem bizden artyk bolasy ýok“ diýipdi. Goňşularam, garyndaş-u ýatlar gözlerini güldürşip: „Nädäýerkäň!“ diýýäne meňzeýärdiler. Tas baryny bulaşdyrypdylar... Ýöne surat bar zady ýerli-ýerinde goýýardy. Ähli zat, işi-güýji, gazeti-goşgusy, bary ony ondan sowaşdyrasy gelip durdy. Diňe suratyň öňküje ýylysydy. Şol ýylam ähli sowuklyklardan üstündi. Gijäň bir wagty ýazyp bolan goşgusyny eline alyp, oýaly-ukuly ýatan gelnine „Goşgy okap bereýinmi?“ diýende, ol „Henizem ýataňokmy?“ diýip aňyrsyna bakardy. Olam goşgusyny çalaja pyşyrdap şu surata okap bererdi. Bir gezek dagy içinden: „Özüm şahyr, şahyr gyza öýlensem bolmaýarmy“ diýipdem. Soň bolsa „Şahyr gyzamy? Şahyr gyz eýýäm gyz däl, şahyr. Şahyr bilen nädip ýaşaşjak. Ýene şu maňa çydap ýör. Ikiňden biriň şu durmuşda ýaşamasaň nähili bolar?“ diýipdi. Häzirem bu pikirlerini göwün aldamak hasap etdi. „Özüme özüm erteki otarypdyryn. Şu wagta çenli näçe goşgy ýazdyň. Içinde özüne bagyşlap ýazanlaryňam bar. Heý birjigini oňa okap berdiňmi? Ol heý birjigini saňa okap ber diýdimi? Onda näme ol mydam stolumyň üstünde kagyz galamy taýýar edip goýýar. Goşgy ýaz diýdigi dälmi şol? Stoluňy tertipleşdirip gidýärem welin, sen hoşal bolup otyrsyň. Çünki bu-da bir erteki-dä. Menem, olam onuň bir gahrymany.“ Ol stolunyň başyndan turdy. Aýalyndan nägile bolmak duýgusy baryp onbäş ýyl mundan öň onda ölüpdi. Aýaly arabajygyna münen gününden bäri. Şonuň üçinem häzirki pikirleri onuň göwnüne ýakmady. Ol aýalynyň ýanyna ugrady. Aýaly telewizor görýänlerden bolup otyrdy. - Sonam, tas goýup gaýdan çaýyňy döküpdim. Hernä tutup ýetişäýdim. - Näme beýle? Ol aýalynyň arabasyny öňüne alyp jaýyň içinde iki ýana sürmäge durdy. Bu onuň dynç almak endigidi. Aýalam muňa beletdi hem mundan lezzet alardy. Ol söýgüsiniň sallançagynda üwrelýän ýaly meýmirärdi. Gaharly bolsa gahary ýatardy, öýkeli bolsa öýkesi zym-zyýat bolardy. Adatça ol geplemezdi, diňe adamsy göwnündäkini aýdardy. Köplenç-ä olam geplemezdi. Bu gezek näme üçindir Sonaň gepläsi, ýüregini açasy geldi. - Garrapsyň diýenime gaharyň geldimi? - Aý, garrasaň garrapsyň diýerler-dä. - Näme üçin diýenimem bilmändirin. Birden... dilimden sypaýdy... Bolmanda çagajygymyz bolanam bolsa boljakdy. - Çagamy? Bu gürrüňi gozgamaly diýmänmidik näme? - Hemme zady diýip düzetjek bolaýýas. Diýemizde näme? Sen meni söýýänem diýýäň, diýeňde näme? Nämämi söýýäň? Görgümimi? Ol aýalynyň arabasyny tigirlemesini goýmaýardy. Onuň „ýaryljagyny“ öňünden syzypdy. Syzyp, ody özüne almak üçin gelipdi. „Ýogsa Sonamy maňa garrapsyň diýjek? Arman ertekim... - Sona, men erteki ýazyp otyryn. - Ertekimi? Goý ertekiňi. Şu wagta çenli erteki bolup ýaşadyk besdir. - Sona saňa näme bolýar? Ýa men... - Ýene özünden günä gözelýär-dä! Mende günä, mende. Men maýyp! Goý tigirlemäňi şu artyby – diýip, Sona arabasynyň tigrine ýumrugyny urdy. Hynçgyryp aglamaga durdy. Ol arabany saklady. - Bolýar, men aýdym ýazaýyn. Häzir bir kompozitor bilen gepleşeýin, ýöne sen aglama. - Aýdym ýazanyň bilen düzelýämi onsoň? - Dagy näme edeýin? - Meni günüme goý. Bar ertekiňi ýaz-da, meni aglamaga goý. Sen şonda, bada aýrylyşmalydyň. Gelnejeň gitsin diýdi, doganyň gitsin diýdi. Ejeňem gelnim jan diýse-de gidenimi kem görmedi. Sen näme üçin... näme üçin olaň diýenini etmediň? Ol bu sözleri aýdyp duranyň Sonadygyna ynanmaýan ýaly arabaň öňüne geçdi. Aýaly ýarym-ýaş aglaýardy. Al saňa gerek bolsa erteki! Haçandan bäri ol gülüp gezip ýördi ahyryn! „Dogrudanam garrap ýörmükäm. Bir maýyp aýalymyň göwnüni tapyp bilemok? Gidip gülmi, şokoladmy, birzatlar alyp gelsem näderkä? Häzir ýeke goýup bolmaz. Köşeşsin.“ Ol ýuwaşlyjak bilen ýene arabany iteklemäge başlady. Aýaly garşylyk görkezmedi. Käwagt bir hynçgyryp ýatyrdy. Sona doly köşeşen bolarly. Ol yzyna gaňyrlyp: - Şahyr bolanyň üçin... şahyr adyňy depelemejek bolup aýrylmadyňmy? - Şahyrlygyň muňa näme dahyly bar? - Gaýta şahyrlar gyz-gelinçil bolmaýamy näme? Hä? Heý seni söýen bolmadymy? Seni özümjik bezäp... - Sona, ýüregiňi çişirmesene. - Ýüregim çişe-çişe gursagyma sygman ýarylsa bolmaýarmy! Sona ýene aglamaga durdy. Ol arabany saklap aýalynyň ýumşajyk elinden tutdy. Onda göz ýaşyň çala çygy bardy. - Sona, gel täzeden çaý içeli. Men gidip şokolad getireýin, hä? - Gitme, şokolad bar. Sona arabasyny özi tigirläp aşhana gitdi. Ol iş otagyna dolansa-da, ertekiň ruhundan çykypdy. Stolunyň başyna geçman garşydaky diwana çökdi. Biraz wagtdan gapy itildi. Sona bir käsesem içilmedik çaýy gaýtadan demlemek üçin çäýnegi äkitdi. Hereketlerinden bir zatlar aňmaga çalşyp adamsy ony iki gözi bilen garşylap, iki gözi bilenem ugratdy. Emma hiç zat aňyp bilmedi. Bir görseň ol aglamadyk ýalydy, bir görseňem sähel bahana bolsa içi-içine sygmajaga meňzeýärdi. Birden aýagyndaky gijisi ýadyna düşdi. Sona yzyna geldi. Ýöne ol öňki Sona däldi. Ol aýagy ädilýän bolanda şokolady ylgap alyp geljege meňzeýärdi. Şokoladam, çaýam geldi. Ol ardynjyrap, uly märekäň öňünde goşgy okandaky ýaly tolgunyp ertekisini okamaga başlady. Sona ony üns berip diňleýärdi. Arasynda çaýyňy sowatma diýjek bolup gobsunyp, adamsynyň sözünem bölüp bilmän, öz käsesinem elläp bilmän otyrdy. Ol okamasyny bölüp: - Gyzyklymy, diňledýämi? – diýip sorady. Sona: - Gyzykly, arasynda çaýyňam içäý – diýdi. Ol ýylgyryp käsesinden bir owurt owurtlady-da, okamasyny dowam etdirdi. Ertekisiniň soňuna ýetdi. Aýraçylyk üstün çykanmyş söýgüden. Günler bolsa kerwen gurap geçip gidip otyr, geçip gidip otyr... Ýüzüni galdyryp Sona seretdi. Ol ertekisiniň eden täsirini görjek bolýardy. Sona göwünsiz özüniňem, onuňam käsesine çaý guýdy. - Nähili? - Men näbileýin. Agajy Şäher... näme diýdiň şoňa? - Şährişemistan. - Hawa, şo taýda ekýälermi? - Dagy nirede eksinler? - Oglan kim? Senmi? - Kim bolanda näme? Sen ertekiň manysyny aldyňmy? - Waý, bu oglany, ertekidir-dä. Aýaly arabajygyny tigirläp gidensoň, ol ýazanlaryna seredip lapykeç oturdy. „Düşünmese-de, köşeşdi, şoňa şükür. Men muny dowam etdirmeli. Ertekiň yzy bolmaly. Şu durşuna dogrudanam bu hiç zat. „Günler kerwen gurap“ diýeniň bilen jemleme bolmaýar. Wah, durmuşyň özüni ýazyp bolýan bolsady...“ Ol ýene-de suraty eline aldy. Ol pyşyrdan ýaly boldy. Öňem bu surat bilen pyşyrdaşyp gürleşen gezekleri kän bolardy. Emma gözlerine ynanmady. Suratdaky häzirki Sonady. „Gitjek ýeri nire diýsene, ol şeýle-de Sona ahyryn! Mundan öň näme üçin beýle däldikä?“ Ol suratda häzirki Sonany has aç-açan gördi. Sonaň aglap diňen gözleriniň gabaklary edil suratdaky gabaklar. Ýaňaklary häzir kiçelipdir, gözlerem munda şadyýan. Oňa derek gaşlary, göreçleri, seredişi... Ol elini suratyň ýüzünden emaý bilen ýöretdi. Ony Sonaň özüne görkezmek üçin, özem bilmän gadymkyja aýdymyna hiňlenjiräp beýleki otaga ugrady. „Sona gelin, Sona gelin bir bäriňe baksana, Aýlanaýyn...“ - Hih, bu nireden çykdy? Men ony ýitirdim diýip ýördüm. - Görýäňä ýitmän eken. Bu bilýäňmi näme? Bu maňa seniň sendigiňi görkezýän dokument, şahadatnama. Bu... bu gepleşibem bilýär. - Goýsana ertekiňi. - Erteki däl, çynym. Ýaňy sen gideňsoň ol maňa ertekiň yzyny ýaz diýdi... Gülüşdiler. Agşamlyk nahar edindiler. Ol bu suraty äkidip hudožnik dostuna uly portret etdirjek diýdi. Sona ilki razy bolmady. Soň ylalaşdylar. Ertekiň welin dowamy ýazylmady. Ýatar wagt boldy. Ol Sonany bäbek götern ýaly gujagyna alyp arabasyndan düşürdi, düşegine geçirip ýatyrdy. Sona oňa gysmyljyrady. Olam ony bagryna basdy. - Bilýäňmi men saňa häli garrapsyň diýdim? - Näme üçin? Ýöne aglaýmagyn. - Aglaman, indi hejem aglaman. Näme üçin aglaýyn? Menden bagtly kim bar? Ol Sonasyny ýene berk gujaklady. - Eliňi bersene. Sona adamsynyň elinden tutmagy gowy görerdi. - Saňa garrapsyň diýemde... Indi sen hiç kim bilen söýüşmersiň, garrapsyň diýdim. Ýogsa men seni günde işe ugradamda eşikleriňi ütükläp-ütükläp ugradardym. Gowy gyzlardan, gelinlerden söz açdyrjak bolardym. Şahyr gelin bolmasyn, goý özüm ýaly okuwsyz biri bolaýsyn, on iki synasy ýerinde öz söýeniňe duşmazmykaň diýip garaşdym. Duşan bolsadyň, men seni oglumy öýeren ýaly öz elim bilen öýerjekdim. Seň birini tapynjakdygyňa şeýle ynanýardym. Sen bolsa... sen bolsa arabama ýapyşdyň ýördüň... Ol Sonaň gözünden, gabaklaryndan ogşaşdyrdy. - Sonam maňa bu dünýede senden başga hiç kim gerek däl. - Ýöne... ýöne - Ýönesi ýok. - Ýönesi ýok, bilýän. Ýöne men saňa elimi uzadýan, elimi uzadýan ýetip bilemok. Senem maňa... - Düýşüňdemi? Sona jogap bermedi. „Wah, düýşüm bolsady, aýtmazdymam“ diýjek boldy-da, dilini dişledi. Olam sesini çykarmady. Sessiz ýatyşyna içinden: - Sonam meni diňle. Bu erteki däl. Bilýäňmi... mende bir üýtgeşik söýgi bar. Mende diýýänim... ol meni gurşap dur. Şeýle bir gurşaýar, ynanmarsyň. Kä gün öýden çykýan welin OL edil seni gujagyma alyp düşegiňe geçirşim ýaly meni gujagyna alýar. Ýumşajyk, göze-de görünmeýän şemaly bilen meni gujaklaýar. Özüne gysýar, meniň welin ýüregim giňeýär. Gysdygyça giňeýän. Şemaly bilen saçlarymy darap, ýüzümden ogşaýar. Çyn söýgüde şeýle bolýan bolaýmasyn? Hä Sona? Maňa seni söýdürýänem şol söýgi, şol söýgi meni senden aýyranok. Men Ony söýenim üçin senden aýrylamok. Ýüregimde şol söýgi bolmasady... – diýip ýatyşyna, daşyndan aýtsa bularda hiç many galmajak ýaly boldy durdy. Sona oňa geplemäge maý bemedi. Ýaňagyndan ogşady. Soň olar ýatdylar. Ertesi irden Sona oýansa, ýanynda adamsy ýokdy. Ol ertekisiniň dowamyny ýazyp otyrdy. Günlerde bir gün, togsan dolup ýere ýyly girende, ähli agaçlar bilen birlikde ilki ýigdiň, soň gyzyň eken nahalynyň endamyna suw ýaýrady. Şahalarda düzüm-düzüm goýulan nokatlara meňzeş pyntyjyklar daglarda dömüp çykýan wulkanlaryň ýarylyşy ýaly ýarylmaga başladylar. Bu täsin ýarylyş köpleriň gözüne-de ilmedi. Bir-iki hepde geçenden soň nokatlaryň ýerinde oturan ýapraklary görüp „Bu ýapraklar kindiwanja pyntyklaryň içine nädip sygdyka? Baharyň gelişi duranja ertekiň bar-da!“ diýip geň galdylar. Bu geň dünýede, görüň-ä, her kim bir zada geň galýar. Her kime bir zat erteki ýaly görünýär. Gün nurundan gözleri açylan ýaşajyk nahallaryň bolsa gözleriniň ilki göreni biri-biri boldy. Ýaşajyk şahalara şelpe bolup düzülen terje ýapraklar sähel şemala tolkunyp-tolgunyp bir-birlerine söz gatdylar. Nahallaryň kalbynda yşk hesreti oýandy. Yşka düşen aşyk nahallar gün-günden gözelleşýärdiler. Olaryň boý alşyna gije ýyldyzlaryň gözi gidýärdi, gündiz Güneşiň. Gündiz guşlar bu aşyklaryň söýgi sözlerini gatnatsa, gije mymyjak şemal arada gezdi. Deňizleri öpüp gelen şemalyň getirýän habarlaryna begenip terje ýapraklar şahalarynda tansa başlardylar. Ýapraklaryň täsin hereketlerinden joşa gelen şahalar ygşyldap owsun atmaga durardylar. Bu tansa goşulmak üçin Güneşden ýere çenli ençeme müň ýyllyk ýoly geçip şöhleler gelerdiler. Asmanda ak bulutlar ak lybasly periler kimin gol tutuşyp döwre gurardylar. Suratkeşler nahallaryň bu täsin tansynyň suratyny çekerdiler, tansçylar tansyň üýtgeşik owadan hereketlerini olardan öwrenerdiler. Dünýe söýdi olaryň söýgüsini. Biri-birlerine dyrnagyň üsti ýalam süýşüp bilmän bir duran ýerlerinde tans edýän bu iki agajyň bolsa bar gaýgysy biri-biriniň derdini ýeňletmek, gussasyny egisdirmek, göwnüni açmak bolupdyr. - Diňe ikimizmi näme? Ýyldyz ýyldyza, deňiz deňize, gije gündizlere, daglar düzlere... Älem Zemine biz ýaly aşyk. Diňe ikimiz bolamyzda-da men seniň zaryňdyryn. - Menem saňa zar. - Bir gün garrasam pyntyklarym ýarylmaz, güllerim açylmaz, köklerim gurap damarlarymdan suwlar akmaz. Men şonda saňa tarap ýykylaryn. - Menem saňa tarap. Aşyklar biri-birine gowuşmak islediler. Ýele-şemala ýalbardylar. - Sen bizi gatyrak egsene. Birimiziň şahamyz beýlekimize ýetmezmikä?Gatyrak egsene, gatyrak. - Mundan artyk egsem döwülersiňiz. - Goý, döwülsek döwüleli, muňa aşyklyk diýerler. - Döwülseňiz sizi goparyp ýakarlar. -Goý, ýaksynlar, muňa yşk ody diýerler. Ýalynymyz ýalynymyza garyşar, tüssämiz tüssämize. Külümiz külümize garyşar, gussamyz gussamyza. Ýene azajyk gatyrak ös. Bolmasa döw bizi. Ýalbarýas ýel jan azajyk gatyrak ösäý-dä... Ýel ýuwaş-ýuwaşdan güjäp ugrady. Ýaş daragtlar egildi, döwülere geldi. Emma ol nahalyň şahasy bu nahala ýetmedi. «Ýene azajyk gatyrak ös“ diýip, nahallar ýele ýalbarmalaryny goýmaýardylar. Hernä ýel badyny gowşatdy. Ýelden soň ýagyş geldi. Ýaşajyk ýapraklaryň ýüzünden damjalar syrygyp ýere damdylar. Soň gara bulutlary paralap Gün çykdy. Älemgoşar dakdy gögüň boýnuna. Soň... soň... ýumşajyk garlaram ýagdy, aýazly gijelerem geldi. Şeýde-şeýde nahallar ösdüler, bedenleri berkäp, berdaşly agaç bolup ýetişdiler. Bir günem, ertekiň däl, dünýäň gurluşy şeýle, aşyk agaçlaryň ösüp oturan ýerinden ýol düşdi. Olary goparmaly etdiler. Negözel agaçlara palta saldylar, byçgy urdular. Her palta degende agaçlaryň ýaşyl ýapraklary tisginip-tisginip gitdi. Byçgylar iňleýärmi ýa-da şahalar zaryn-zaryn ses edýärmi aňşyrar ýaly bolmady. - Diňe ikimizmi näme? Ýyldyz ýyldyza, deňiz deňize, gije gündizlere, daglar düzlere... Älem Zemine biz ýaly aşyk. Diňe ikimiz bolamyzda-da men seniň zaryňdyryn. - Menem saňa zar. - Bir gün garrasam pyntyklarym ýarylmaz, güllerim açylmaz, köklerim gurap damarlarymdan suwlar akmaz. Men şonda saňa tarap ýykylaryn. - Menem saňa tarap... Ol „Agaçlaryň biri-birine tarap ýykylanyny hiç kimem aňmady“ diýip ýazdy-da, ertekisiniň soňky nokadyny goýdum etdi. Diwana geçip gyşardy. Goparlan iki agajyň şahalarynyň biri-biriniň iç-içinden geçip ýatyşy göz öňüne geldi. Ýazanlaryndan hoşal gözüni ýumdy. Şobada-da uka gitdi. Üsti açyk ýatanyny görüp Sona emaý bilen adamsynyň üstüni örtdi. „Wah, men oňa näme üçin aýraçylyk söýgüden üstün çykdy diýjekdim. Hany nädip gutardyka, ýa ýene gutarman goýdumyka?” diýip ol ertekini galan ýerinden okap çykdy. Her abzasy okandamy ýa-da ertekiň has göwnüne ýaran ýerlerindemi ol başyny galdyryp adamsyna seredýärdi. Adamsy süýji ukuda ýatyrdy. Ertekini okap çykdy. Gözüne ýaş aýlandy. Sona kagyzlary emaý bilen toplap, sahypama sahypa goýdy. Ol uzak ýatdy. Belki henizem ýatardy, aýagynyň gijisine oýandy. Ukudaka-da bir-iki sapar gaşan bolmaly. Aýagynyň hamy soýulyp çalaja ganjyrajak bolupdyr. „Sonaň gördügi ýüregi ýarylar“. Sonaň welin keýpi kökdi. Ol begene-begene ertekini okanyny, gowy görenini aýtdy. Ýöne ady bolmandyr diýdi. - „Men söýermen göwnüm üçin“ Ertekiň ady däl-ä. Hekaýa bolsa bolardy. Ol ylalaşdy. Bir ýerden derman tapyp, Sona aňdyrman gijileýän düwrtügi töweregi bilen daglady. Soň ertekä at gözlediler. Näme diýseler göwünlerine jaý bolmady. Sagat eýýäm on bolupdyr. Erteki ýazanyny aýtmak üçin ýazyjy dostuna jaň etdi. „Ertekimi, hekaýamy, onam bilemok. Erbet bolmadymyka-ra diýýän. Gel diýseň baraýan. Kofe-de içäýeris. Bardym“. Sona ony bu gezek hasam geýindirip ugratdy. Başam barmagyny görkezip: „Sen gelýänçäň men ony ýumup saklaryn“ diýdi. „Biderek zatlary yrym edinme. Men derrew gelerin“ diýip, ol ýylgyryp çykyp gitdi.

55 |