Gir
Makala
Küşt-de nädip ýeňiş gazanmaly
#küşt

Küşt-de nädip ýeňiş gazanmaly

@nirovitsky · 5-nji sentýabr, 2023 · 2 minut alar5 sen 2023 · 2 minut alar

Nädip ýeňiş gazanyp bilersiňiz?

Küştdäki maksat garşydaşy mat etmekdir.

Haçan-da şa başga mal tarapyndan şah berilende gaçmaga mümkinçiligi ýok bolsa mat bolýar. Şol wagt oýun gutarandyr emma mat taýýarlyksyz bolmaýar.

Küşt-de ýeňiş gazanmak üçin 6 zady ýerine ýetirmelisiňiz:

1. Gowy açylyşlary saýlaň
Küştdäki ilkinji göçümleriňiziň maksady merkezi golastyna almakdyr. Tagtanyň iň möhüm ýeri merkezidir. Merkezi öz mallaryňyz we pyýadalaryňyz bilen ele geçirip kontrol edip bilseňiz siz oýunyň akyşyny kesgitläp bilersiňiz. Aşak-da görkezilen pozisiýa-da aklaryň 2 pyýadasy merkezi 1 kemsiz elinde tutýar, garalaryň pyýadalarynyň bolsa merkeze täsiri ýok.

2. Mallary mugtyna bermäň

Mallary çalyşmak küşt-de adaty bir zatdyr emma mallary siz degýän bahasyna bermelisiňiz. Köp oýunçylar mallaryny mugtyna bermegi netijesinde utulýar. Garşydaşyňyzyň mugt berýän ähli mallaryny almalyňyz (emma seresap boluň duzak bolup biler).

3. Mallaryňyzy dogry ýerleşdiriň
Şaha baryp ýetmek üçin mallaryňyzy hüjüm etmek üçin dogry ýere ýerleşdirmelisiňiz. Bu diýmek size birnäçe mümkinçiligi bolan işjeň we hereketli mallar gerek.

Pyýadalar öýjükleri kontrol edýär. Atlar merkezde peýdalydyr. Piller uzyn diagonallar-da has ähmiýetlidir. Ruhlar merkez-de ýa-da açyk sütünler-de bolmalydyr. Weziriňiz hüjüme geçmäge taýyn bolmalydyr.

4. Şaha hüjüm etmek üçin mallary utgaşdyryň
Köplenjine şaha ýekeje mal bilen hüjüm edip bilmersiňiz. Mat etmek köplenjine köp mallaryň bile işleşmegi netijesinde bolýar. Käte size şah bermek üçin 1 mal we o maly şah alyp bilmezligi üçin goraýjy ýene bir mal gerek bolýar, a käte bolsa garşydaş goragyny böwüsmek üçin has köp maly gurban etmegiňiz bolýar.

1.Pxd7 Axd7 2.Wb8+ Axb8 3. Rd8#

5. Şahyňyzyň howpsuzlygyna ünsli boluň

Käte oýunçylar garşydaş şaha şeýle bir ymtylýar welin öz şahynyň howpsuzlygyny unudýar. Garşydaşyň hem oýnaýandygyny we siziň şaha hüjüm edýändigni unutmaň. Garşydaşyňyzyň edýän her bir göçüminiň döredip biljek howpy barada oýlanmagy unutmaň. Şahy howpsuzlyga almagyň iň gowy ýollarynyň biri ony birnäçe goraýjy pyýada arkasyna almakdyr. Aşak-da görkezilen pozisiýa-da ak şa arkaýyndyr, gara şa bolsa hüjümlere açyk.

6. Hemişe jentlmen boluň

Utulsaňyzam, utsaňyzam garşydaşyňyzy hemişe gutlaň we oýun üçin minnetdarlyk bildiriň. Utulmagam, utmagam oýunyň bir parçasydyr. Iň ussat oýunçylar hem käte utulýandyr.

Oýun gutaran-da jentlmen boluň we indiki gezekler üçin nähili sapaklar alyp biljekdigiňiz barada oýlanyň.

Be a good sport.

Ps: Bu makala şu makalanyň kopiýasydyr.(paýlaşmak üçin chess.com-dan rugsat alynan)

5

5 jogap

Dogrudanam mallar merkezde duran mahaly has köp öýjüklere tãsir edýär. At dan mysal getirsek, tagtanyñ iñ gyrasynda duran at az ýerleri goraýar we az yere hüjüm edýär. Haçanda at merkezde ýa merkeze golaý duranynda köp ýere hüjüm edýär we gorayar. Mallary mümkin mertebe has täsirli ulanjak bolsak olary merkeze ýakyn ýerleşdirmeli bolýar. Elbetde taktika görä merkez amatsyz bolýan hallary hem bar. Howply ýerleri hem bar.

"Mugt mal bolsa alyñ ýöne duzak hem bolup biler" dogry bellik ). Makalanyñ soñunda örän ýerlikli bellik edilen. Utulmaga hem psihologiki taýdan taýýar bolmak gerek. Garri Kasparov bir ýaryşda örãn ýönekeý ýalñyşlyk goýberip utulýar we onuñ psihologiki düşen ýagdaýyny, ýüziniñ alamatlaryny görmäge göz gerek )

Men ozumi bu oyunda okypsyz oydyadim, emma bu makaladan son strategya barada koprak okamalydygma dushundim, sagbol

5

makalam sosial tor: gysga postlar we uzyn makalalar.

Hasap aç