Teswirler (1)

Ýüklenýär...
User Avatar

Jurnalist

İnjimi, ünjümi?

1 minut alar

Biz ölüp gitmeli. Ölüm gutulgysyz. Bizden öňküleriň gidişi ýaly, bizem gidiji, bizden soňkularam. Gitmän bolanok. Inimiň oglunyň bize gezmäge gelende öýümiziň oýunjaklaryny görüp «galjak» diýip aglaýşy ýaly nadaralyk edeniň peýdasy ýok. Inimiň ogly myhmançylyga baran ýeriň oýunjagyny öýüňe alyp gaýdyp bolmaýandygyna düşünerden entek kiçiräk. Biraz ulalsa, onuň hem şoňa aňy ýetäýmeli. Aň ýetmeli, aň ýetmese, çaga ýaly aň-düşünjesiz hereketler şol gaýtalanyp durmaly. 

Sen bary-bir gitmeli. Şonuň üçin iru-giç gitjekdigiňi bilip, şoňa görä taýýarlykly bolmak gerek. Käte ölüm maňa haýsy ýagdaýdakam gelerkä diýip pikir edýärin. Ölüm meniň gapymy kakanda men ony nähili ýagdaýda garşy alarkam?! Birden üstümi duýdansyz gapyl basdyraýsam, kimiň, näme üçin üçin gelenini hem aňşyrman galaýarmykam ýa? 

«Myhmany atar, başyňy gutar» diýlişi ýaly, myhmanyny atarmasa ynsana asylam ynjalyk ýokdur-la.

 Bize inji berlendigini, injä düşünmänimiz üçin hem ünji berilýändigini, eger oňa-da düşünmesek ýenjibermeli boljakdygymyzy hergiz ýatdan çykarmalyň!

47 |