Mugallym
Hökman gerekmi
1 minut alar
GEREK, ALMALY, EDINMELI, HÖKMAN GITMELI.....şu manydaky sözi barada ....
Durmuşumyzda köp ulanyas ýaly şu sözleri.?Maşyn almaly, öýlenmeli, durmuşa çykmaly, öý almaly, gelin almaly, ony edinmeli,muny edinmeli , olam gerek, bulam gerek, bu ýere gitmeli , şu ýere gitmeli......diýen sözleri köp ulanýarysmy?
Aslynda bu isleglere gerek zatlara doly taýýar däl bolup bilerisiňiz Meselem: Öylenmeli yada durmyşa çykmaly diýeňizde sen öýlenmäge ýada durmuşa çykmana taýýar däl bolup bilersiňiz ýada bu pikir sen pikiriň bolman biler. Ejeň, kakaň, doganyň, garyndaşyň, töwerek daşyň islegi, buýrugy, talaplaryndan biri bolup biler. (mi?) Sen öz şahsy islegiň arzuwyň, gerekli zatlaryň bolup bilermi? ýada wagty däl bolup bilermi? Belkide okamaga yada söwda işine giresiň gelyändir ýada başga arzuwyň bardyr......
Almaly, edinmeli......ýaly sözler aklymyza gelip yöne şu sözler aýlanyp durýan bolsa onda bir duruň we wagty duruzuň we şu soragy soraň öziňize 3-4 gezek, maňa gereklimi wajypmy ? bolmasa bolonokmy?
Bu meniň newsimiň islegimi ýada gerekli zadymy diýip soramyzda ? Nählili jagap alyas iç sesimiz näme diýýär? Meselem: öz dozasynda suw içmek, nahar iýmek gerek hökman, ýöne 4,5 görnüş nahar iýmek gerek däldir we bu islegdir.
öziňize soragy dogry şekilde sorasaňyz şonda dogry jogaby tapyp bilersiňiz diýip umyt etýän.