Her kim öz durmuşynyň serkerdesi
4 minut alar
Durmuşda üstünlik gazanýanlaryň, ýeňijileriň
ählisiniň öz işlerine jogapkärli
çemeleşendiklerine seni ynandyrmagym üçin,
meniň bu hakykatlary saňa gaýta-gaýta ýanjap
oturmagym gerekmikä? Olar ömürleriniň bir
sekundyny hem ýüzbe-ýüz bolan ýaramaz
ýagdaýlary, teň hallary üçin kimdir birini
ýazgarmaga sarp etmediler. Gaýta, durmuş
bulara köp zatlary öwretdi — ýetip barýarka
öň açyk duran gapynyň bulara ýapylandygy
üçin ýa-da ýollaryna oklanan mydarsyz
päsgelçilik üçin kimdir birini ýazgarjak,
kimdir birine iňirdejek, igenjek bolmadylar.
Hemme zady adaty bolaýmaly, hökman
bolaýmaly bir waka, hadysa hökmünde kabul
etdiler.
Beýlekileriň özümize eden “ýamanlyklary”,
“bilgeşleýin päsgelçilikleri” hakda gürlemek
şeýle bir ýeňil. Hatda kähalatda öte geçip,
perzentlere siňdirilen terbiýe babatda
ata-babalarymyzy ýazgarmakdan hem
gaýdamzok. Nämemişin “Olar bize üstünlige
ýetmegiň, maksada okgunlylygyň
ýörelgelerini, dogry ýollaryny öwretmändirler.
Öwretmek beýlede dursun, gaýta bize durmuş
hakynda düýbünden başgaça düşünje
beripdirler”. Öz säwlikleri zerarly hemişe
beýlekileri tankytlaýan adamlar bar. Sebäbi
ähli müşgilliklerimizi, çözülmän galan
meseleleri onuň-munuň üstüne atmak gaýrat
talap edenok. Biz şeýdip durmuş bilen
ýüzbe-ýüz bolmakdan gaça durýarys. Ýazygy,
günäni gaýry biriniň üstüne atsak, özümiz
jogapkärçilikden boşaýan ýaly, uludan dem
alýarys. Öz götermeli ýükümizi özgeleriň
ýagyrnysyna ýüklejek bolýarys.
Emma durmuş tejribeleri bir zady öwretdi,
durmuş — bu tolkuny gomap duran giň we
çuňňur deňiz. Her kim öz durmuşynyň
serkerdesi. Ony saga, çepe, öňe, arka öwürmek öz eliňde. Kenara aman-asuda aşmak,
sag-salamat gowuşmak, Allanyň
fazly-merhemetinden soňra, öz ussatlygyňa,
gämä — durmuşyňa erk edişiňe bagly.
Haýp, biziň köpimizde özümizi aklajak
bolmagyň taýyn duran galyplary bar: sähel
büdresek ýa-da bir mesele ýüze çyksa, dessin
ähli “çözgüdi” şol galyplaryň birine
sygdyrýarysda, öz etmişimiz zerarly ýüz beren
netijeleriň jogapkärçiliginden ýüz öwürýäris.
“Hemme ýaramaz zatda kimdir biri günäli,
emma bizde jinnek ýaly günä ýok...” hasap
edýäris. Ine, köpimiziň aglaba halatda, iň
bolmanda, kä halatda ulanýan esasy
bahanalarymyz.
Men saňa gönümel we açyk aýdaýyn, sen
üstünligiň çakylyklaryna seslenmekçi bolsaň,
durmuşyň nygmatly saçagyna zyýapata
barmak isleseň, her baran ýeriňe laýyk,
mynasyp görünmek isleseň, onda öz
müşgillikleriňi we şowsuzlyklaryňy aklamak
üçin galkan edinýän bahanalaryňdan hökman
we dessine saplanmalysyň. Durmuşyňykarýan netijelerini ynam we mertlik bilen ykrar etmäge borçlusyň.
Sen mundan öň durmuş deňlemesi hakda
eşidipmidiň?
Onuň kesgitlemesi şeýle: durmuşyň netijesi
bolýan zatlara jogap berşiňe deň bolýar,
başgaça beýan etsek: ýagdaý+jogap
hereketi=netije. Üstün adamlaryň üstünligi
hem şu deňlemäniň çäginde çözülýär. Şowsuz
adamlaryň şowsuzlygy hem şu deňleme bilen
ölçelýär! Hemmeler haýsy hem bolsa bir
ýagdaýa sezewar bolýarlar. Ýöne olaryň hersi
öz garaýşyna, pikir-düşünjesine görä hereket
edýär. Ine, şu jogap hereketi hem — gaýtargy
pygyl hem biziň häzirki görýän netijämizi ýüze
çykarýar, hasyl edýär.
Şowsuz ýa-da göwnüçökgün adam şol
ýagdaýda saklanýar we zeýrenip, nadyl bolup,
özüni aklap başlaýar. Sähel zatdan bahana,
tutaryk agtarýar. Müdiri oňa düşünenok,
ykdysady ýagdaýlar durnuksyz, goşmaça
öwrenmäge boş wagty ýok, üstesine daş-
töweregini gurşaýan adamlar hem
ýaramazmyş we ş.m.
Muňa garamazdan, edil şol ýagdaýa düşen, şol menzili geçen, şol sredada ýaşaýan adamlaryň birnäçesi welin, hatda ýagdaýlary olaryňkydan hem agyr bolandygyna, çekip-çydardan, zeýrenerden çökder bolandygyna garamazdan, üstünlige ýetdiler. Ýeňiş gazanmagy başardylar. Sebäbi nämedekä?
Sebäbi oňyn garaýyşly, üstünlik gazanýan
adamlar gymmatly wagtlaryny zeýrenje sarp
etmän, her bir zatdan pursat, çykalga,
mümkinçilik, täze bir ýol agtardylar. “Boljak
zat boldy, bolan zady üýtgedip bolmaz, emma
indi boljak zatlara hökman täsir edip bolar”
diýen düşünjä eýerdiler. Şeýdibem haýra
garaşdylar we gazandylar. Ýeri gelende bir sözi ýatladaýyn — “kynçylyk — bu täze bir
mümkinçilik” diýmekdir. Ýagdaýa ýesir bolup
oturmaly däl, islendik zadyň hökman bir gowy
tarapynyň bardygyny unutmazlygymyz gerek.
Şol düşünje hem bizi has öňe iterýär, aýaga
galdyrýar. Her täze pursada eserdeň göz bilen
bakýarys we şol jygba-jyglykda hem özümize
gerekli zatlary görmegi, tutmagy başarýarys.
Bu-da gazanmak ahyry.
Şeýle kyn ýagdaýlarda kimdir birinden maslahat soramalydyrys. Öz işlerimize berbaşagaý bolup, köpden bäri gatnaşyklarymyz seýreklän gapylara täzeden barmalydyrys.
Täze gatnaşyklary açmalydyrys. Ýa-da käbir
pikirlere üýtgeşmeler girizmelidiris. Käbir
gylyk-häsiýetlerimizi gaýtadan gözden
geçirmelidiris. Maksadymyzy syntgylap,
täzeden gaýrata galmalydyrys. Ýa-da iň
bolmanda yhlasymyz egsik gelendir, şoňa
düşünmelidiris, mahlasy, kyn, agyr görnen her
bir zatda hem many çykaryp we peýdalanyp
boljak örän köp ýagşylyk, haýyr bardyr,
gizlenip ýatandyr. Akylyň bir häsiýeti bar, ony
wagtal-wagtal şeýle ýagdaýlar bilen tijäp,
oýandyryp durmasaň, öwrenişen, endik eden
derejesinde galyberýär. Diýmek, iň bärkisi,
akylymyzyň kämilligi üçin hem şeýle
kynçylyklar gerek ekeni.
Gönümellik gödeklik däldir. Biziň köpimiz şeýle ýagdaýlar bilen ýüzbe-ýüz bolsak, aglaba halatda, zeýrenç, igenç duralgasynda eglenenimizi eý görýäris. Sebäbi bu ýagdaýda zeýrenmekden ýeňil düşjek hiç bir zähmet ýok. Şol wagt tankyt şuglalary bilen daş-töwerege syçrap durmagam müşgil däl, emma özümizi bu häsiýete öwrenişdirsek, ähli zady şonuň üsti bilen gazanmaga endik ederis. Bolmajak zat.
Hiç wagt öz şowsuzlygyň sebäbini özgelerden agtarma. Hatda biri bilgeşländen saňa badak atýan, büdretmäge hyýallanýan ýaly görünsede, sen özgeleri ýazgarma. Gadymdan gelýän bir söz bar: “Olar ýamanlyk diýip edýär, bize ýagşylyk bolup ýetýär”. Eger birbada başa barmaýan bolsa, onda biz şu ýagdaýymyzda az-kem eglenip, başgaça pikirlenmelidiris. Dürli ýollaryny, usullaryny saldarlap görmelidiris. Emma biz özümiziň nogsanlygymyzy we egsikligimizi aklamaga, bahana tapmaga şeýle bir ussat bolup gidipdiris.
Gadyrdan dostum, men bu bölümi şu sözler
bilen jemlemek isleýärin. Ýene bir ýola
nygtaýaryn: üstünlik gazanmak üçin haýsydyr
bir hal-ýagdaýlaryň, şertleriň gülala-güllük
bolmagy, gowulaşmagy esasy şert däldir.
Şowsuzlyk saňa ýazylan gutarnykly ýazgyt däldir, ol diňe has tijenmegiň üçin ýatlatmadyr. Bu ýollarda mert bolalyň, ýan bermäliň, ejizlemäliň. Zeýrenmäliň. Anyk we aýgytly pikir, berk karar, mäkäm ynam islendik kynçylygy we böwetleri böwsüp geçmäge gurbat berýär. Ähli durmuşýagdaýlaryny hemişe asuda köňül, giň göwün bilen kabul edeliň. Durmuşyň nämeler gizläp, ýygşyryp goýandygyna ýada nämeleri görkezendigine, aýan edendigine garamazdan, ony diňe ýagşy umyt, güler ýüz bilen garşy almalydyr. Akyl kompasynyň diljagazy Bahanalara däl-de, çözgütlere tarap bakyp durmalydyr. Tutuksy, gamaşyk suratlary däl-de, oňyn we aýdyň pikirleri görkezip durmalydyr.
Şeýle bir söz bar: “Üstünlik bu bir merdiwandyr. Iki eliňi jübüňe sokup otursaň, merdiwandan aslyşyp bilmersiň”.